Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobakhidze resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany ýokary derejede garşylamak dabarasy geçirildi. Bu barada Gruziýanyň Hökümetiniň Metbugat gullugy habar berdi.
Habarda bellenilişine görä, Gruziýanyň Premýer-ministri ertir Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen ikiçäk duşuşyk geçirer.
Şeýle-de resmi saparyň çäklerinde Gruziýanyň hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde gepleşikler geçiriler. Gepleşiklere Gruziýanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary ýolbaşçylyk eder. Olaryň netijesinde dürli ugurlar boýunça ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň hyzmatdaşlygy barada birnäçe resminamalara gol çekilmegine garaşylýar.
Ýeri gelende bellesek, Gruziýanyň Premýer-ministri Türkmenistana saparyny resmi wekiliýet bilen bilelikde amala aşyrýar. Wekiliýetiň düzüminde Premýer-ministriň birinji orunbasary, ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Lewan Dawitaşwili, daşary işler ministri Maka Boçorişwili, sebitleýin ösüş we infrastruktura ministri Irakli Karseladze, daşky gurşawy goramak we oba hojalygy ministri Dawit Songhulaşwili, sport ministri Şalwa Gogoladze hem-de Hökümet administrasiýasynyň ýolbaşçysy Lewan Jorjoliani dagy bar.