Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabat şäherinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary görkezilýär

16:0406.03.2025
0
26198
Türkmenabat şäherinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary görkezilýär
Surat: Türkmenmetbugat

5-nji fewralda Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Türkmenistanyň Döwlet sirki we Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki bilen bilelikdäki çykyşlary guraldy.

Sagat 15:00-da we 18:00-da başlanan iki görkezilişe ýurduň gündogar sebitiniň ýaşaýjylarynyň müňlerçesi tomaşa etdi. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, üç günlük görkezilişler üçin toparyň agzalarynyň 17-si we gamyşgulak bedewleriň 10-sy Türkmenabat şäherine geldiler.

Birleşen sirk toparlarynyň Türkmenabatdaky çykyşlary alty görkezilişden ybarat bolar. Şu gün — 6-njy fewralda we ertir — 7-nji martda hem dowam etjek çykyşlara welaýat boýunça 15 müňden gowrak adamyň tomaşa etmegine garaşylýar.

Her bir görkeziliş iki sagat çemesi dowam edýär. Onuň birinji bölüminde Aşgabat we Arkadag şäherlerindäki döwlet sirkleriniň birleşen toparlary ussatlyklaryny görkezseler, ikinji bölüm tutuşlygyna «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryndan ybarat.

Habarda bellenilişi ýaly, birleşen sirk toparlarynyň çykyşlarynda-da, «Galkynyşyň» at üstündäki täsin oýunlarynda-da ilkinji gezek Türkmenabat şäherinde köpçülige ýetirilýän çykyşlar bar.

Sirk ussatlarynyň adam boýundan hem uly halka bilen görkezýän oýunlary, «Galkynyşyň» Göwünli atly ajaýyp bedewiniň çarpaýa galyp, joşgunly saza edýän tansy täze çykyşlaryň hatarynda. Şunda Göwünliniň zaly dolduryp oturan tomaşaçylara ajaýyp Akhany ýatladandygyny-da nygtamak gerek diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň