4-nji martda Yslamabat şäherinde BMG-ä agza döwletleriň ilçileri üçin guramanyň agentlikleriniň ilkinji çärýekleýin brifingi geçirildi. Bu çärä BMG-niň Pakistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Mohamed Ýahýa we Diplomatik korpusyň duaýeni, Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow dagy ýolbaşçylyk etdiler diýip, Türkmenistanyň Yslamabatdaky diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Türkmenistanyň ilçisi çäräniň açylyş dabarasynda çykyş edip, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini belläp geçdi. Ol agza döwletleriň we BMG-niň dürli agentlikleriniň sebitde we dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga we ykdysady ösüşe ýardam bermäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalarynyň möhümdigini aýtdy.
BMG-niň Pakistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Mohamed Ýahýa BMG-niň agentlikleriniň Pakistandaky işleri we halkara ýagdaýlaryň olaryň işine edýän täsirleri barada gürrüň berdi.
Azyk we oba hojalygy guramasynyň Pakistandaky wekili hanym Florens Rolle, Pakistanda howanyň üýtgemeginiň we ilatyň köpelmeginiň azyk howpsuzlygyna howp salýandygyny belläp, ýurtda azyk üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň ýollary barada daşary ýurtlaryň ilçilerine maglumat berdi.
Halkara zähmet guramasynyň Pakistandaky wekili Geýr Tonstol Pakistanda zähmet ülňelerini ornaşdyrmak işleriniň gidişi barada gürrüň berip, Pakistanyň Halkara zähmet guramasynyň 10 sany esasy konwensiýalarynyň 8-sini tassyklandygyny aýtdy.