Şu günki «Türkmenistan» gazetinde çap edilen maglumata görä, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäherindäki «100 çüwdürim» we «Baýram Han türkmen» seýilgähleriniň çäkleriniň durkuny täzelemek boýunça işleri geçirmek üçin tender bäsleşigini yglan edýär.
Gyzyklanýan taraplaryň arzalary we teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazar gatnaşyklary we daşary ykdysady aragatnaşyklar bölüminde bellenilen tertipde kabul edilýär we resmileşdirilýär.
Arzalary we teklipleri kabul etmek 2025-nji ýylyň 17-nji apreline çenli dowam eder.
Salgysy: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, jaý 84.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-45-55.