Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýolagçy Atlantik ummanyň üstünden barýan uçaryň gapysyny açjak boldy

18:0505.03.2025
0
22546
Ýolagçy Atlantik ummanyň üstünden barýan uçaryň gapysyny açjak boldy
Surat: Lenta.ru

Madridden Wenesuelanyň paýtagty Karakasa uçup barýan ýolagçy uçarynyň uçarbeletleri «Airbus A330» uçarynyň ätiýaçlyk gapysyny açmaga synanyşan erkek kişini zordan sakladylar. Uçar şol wagt Atlantik ummanyň üstündedi diýip, «Detaly.co.il» neşiri habar berdi.

Waka «Plus Ultra» ispan awiakompaniýasynyň uçarynda boldy. Wideoda uçarbeletler tarapyndan gapydan aýyrmak üçin saklanýan erkek kişiniň zähresi ýarylan ýaly gygyrýandygy görünýär. Habar beriş serişdeleri onuň gapyny açmaga synanyşmagyna näme sebäp bolandygynyň henizem belli däldigini ýazýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň