Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Weterinariýa gullugy «Iýmit önümleriň howpsuzlygy» atly okuw maslahatyny geçirdi

16:5605.03.2025
0
26567

2025-nji ýylyň 4-5-nji martynda Aşgabat şäherinde Döwlet weterinariýa gullugynyň tejribeli weterinar we laboratoriýa hünärmenleri üçin iýmit howpsuzlygy meseleleri boýunça okuw türgenleşigi geçirdi. Okuw maslahatyna Döwlet weterinariýa gullugynyň bäş welaýatyndan, Aşgabat şäherinden we Arkadag şäherindäki Atçylyk ylmy-önümçilik merkezinden weterinariýa hünärmenleri gatnaşdylar.

Okuw maslahatynda moderator hökmünde Döwlet weterinariýa gullugynyň halkara we ylmy gatnaşyklar bölüminiň başlygy Arslan Soltanmyradow çykyş etdi. Öz çykyşynda A.Soltanmyradow şeýle belläp geçdi: «Iýmit howpsuzlygy – bu diňe bir hünär borjy däl, eýsem geljekki nesilleriň öňünde jogapkärçilik, şeýle hem millionlarça adamyň ynamynyň we saglygyň kepilidir. Ol jemgyýetçilik saglygynyň, oba hojalygynyň durnukly ösüşiniň hem-de ýurduň ykdysady durnuklylygynyň esasyny düzýär. Biz şu gün nobatdaky möhüm ädimi ädýäris: bilim alýarys, tejribe paýlaşýarys, öňdebaryjy usullary özleşdirýäris we iň gowy halkara tejribeleri ornaşdyrýarys. Bu bolsa, iýmit önümleriň hiliniň we howpsuzlygynyň durnukly ileri tutulýan ugur bolmagyny üpjün edýän geljege goýulýan maýa goýumdyr».

Okuw maslahatynyň geçirmegiň esasy maksatlary:

  • Iýmit howpsuzlygynyň esasy ýörelgeleri we haýwanlardan alynýan önümleriniň weterinariýa-sanitariýa ekspertizasy boýunça usullary bilen tanyşmak.
  • Döwlet weterinariýa gullugynyň tejribeli weterinar we laboratoriýa hünärmenleriniň patogen mikroorganizmler, toksiki maddalar we biologik taýdan howply materiallar bilen bagly töwekgelçilikler barada bilimlerini ýokarlandyrmak.
  • Döwletliň epizootiki gözegçilik ulgamyny gowulandyrmak.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň