«Infinix» kompaniýasy Gün batareýaly smartfonyň nusgasy bilen tanyşdyrdy diýip, «Hi-Tech Mail» neşirine salgylanýan «caliber.az» habar berýär.
Ýagny «Mobile World Congress 2025» sergisinde tanyşdyrylan enjamyň arka ýüzünde Gün batareýasy bolup, oňa Gün şöhlesi düşende, smartfonyň batareýasy güýç alyp başlaýar.
Şeýle güýç berijiniň kuwwaty o diýen uly däl, bary-ýogy 2 Wt. Emma bu telefony eger yzygiderli Gün şöhlesine tutsaň, uzak wagtyň dowamynda ulanmaga mümkinçilik berýär. Smartfonyň bahasy, häsiýetleri we haçan satuwa çykjakdygy belli däl.
«Infinix Mobile» 2013-nji ýyldan bäri smartfonlaryň önümçiligi bilen meşgullanýan hytaý kompaniýasydyr.