Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy lukmançylyk merkeziniň gurluşygy bilen tanyşdy, Türkmenistanda Ispaniýanyň täze ilçisi işe başlady, Türkmenistanyň daşary işler ministri ÝB-niň wekili bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
2. Merkezde öňdebaryjy emeli aň tehnologiýalary ornaşdyrylar, bu bolsa lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesini üpjün eder. Şol bir wagtyň özünde, lukmanlaryň hünär derejesini kämilleşdirmek meselelerine zerur üns berilýär. Merkeziň barlaghana bölümleri keseli gysga wagtyň içinde anyklamaga ukyplylygy bilen tapawutlanýar.
3. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli döwlet Baştutanlaryndan gutlag hatlary gelip gowuşýar. Müsüriň, Iordaniýanyň we Liwiýanyň resmi adamlary Türkmen döwletiniň Baştutanyna we Türkmenistanyň halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
4. Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça täze bellenilen Ýörite wekili Eduards Stipraýs bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
5. Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Aşgabada sapar bilen gelen Ispaniýanyň täze ilçisi Rikardo Martines Waskes bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar we ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň strategiki ugurlaryny kesgitlediler.
https://turkmenportal.com/blog/88590/v-turkmenistane-nachal-rabotu-novyi-posol-ispanii
6. Bagtyly obasynyň ýaşaýjysy Sarygül Mätiýewa 2025-nji ýylyň ýanwarynda 117 ýaşady. Ony Türkmenistanda, şol sanda dünýäde iň uzak ýaşly zenan hasaplap bolar. Resminamalara laýyklykda, Sarygül Mätiýewa 1908-nji ýylda dünýä inipdir. Ýaşlykda daýhançylyk bilen meşgullanypdyr, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda zähmet çekipdir. Sarygül Mätiýewa obadaşy Mäti Bozaganow bilen durmuş gurup, bilelikde alty çagany terbiýeläpdirler. Häzirki wagtda onuň 43 agtygy, 97 çowlugy, 9 ýuwlugy bar. Adamsy Mäti aga 1982-nji ýylda aradan çykypdyr.
https://turkmenportal.com/blog/88566/v-turkmenistane-zhivet-zhenshchina-kotoroi-ispolnilos-117-let
Dünýäde
1. Indoneziýanyň paýtagty Jakartanyň 1200-den gowrak ýaşaýjysy şäheri gurşap alan güýçli suw joşmasy sebäpli öýlerini terk etmäge mejbur boldy. Betbagtçylyga Çiliwung derýasynyň güýçli ýagyş netijesinde hanasyndan çykmagy sebäp boldy. Tebigy betbagtçylygyň netijesinde ýüzlerçe jaýyň birinji gatyny suw basdy, käbir sebitlerde bolsa suwuň derejesi bir ýarym metre ýetdi.
2. Nýu-Jersi ştatynda ýerleşýän «Liberti» ylmy merkezinde «Titanik» gämisiniň pajygaly taryhyna bagyşlanan sergi açyldy. Serginiň iň gyzykly elementleriniň biri hem gämi batmazdan ozal birinji synpda syýahat edýän ýolagçylaryň iň soňky agşamlyk naharynyň dikeldilen nusgasydyr. Sergä gelýänler «Titanik» gämisinde hödürlenen tagamlary dadyp, şol döwrüň ruhuny duýup bilerler.
Sport täzelikleri
1. «Ahal» Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji tapgyrynda «Nebitçi» klubyndan üstün çykdy. Duşuşyk Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşliginde geçirildi we ol 2:0 hasaby bilen tamamlandy. Gollary Magtymberdi Berenow we Gurban Annaýew derwezä girizdi.
2. Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hüjümçisi Mihail Titow Gyrgyzystanyň «Uzgen» kluby bilen şertnama baglaşdy. Türkmenistanyň «Altyn Asyr», «Arkadag» we «Nebitçi» klublarynda oýnan 27 ýaşly türgen futbol ýoluny Gyrgyzystanyň premýer-ligasynda dowam etdirer. Titowyň «Uzgen» bilen şertnamasy bir ýyla baglaşyldy. Titowyň täze topary takmynan 70 müň ilaty bolan adybir şähere wekilçilik edýär.
3. Özbegistanyň «Pahtakor» topary AFK-nyň saýlama Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji oýnunda Saud Arabystanynyň «Al-Hilal» klubyndan üstün çykdy. Daşkentde geçirilen duşuşyk ýer eýeleriniň peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlandy. Jogap duşuşygy 11-nji martda geçiriler. Germaniýanyň «Transfermarkt» portalynyň berýän maglumatlaryna görä, «Al-Hilalyň» bazar bahasy 178,5 million ýewro, «Pahtakoryňky» bolsa 12,05 million ýewro barabar.