Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Tokioda geçirilen Suw meseleleri we tebigy betbagtçylyklar boýunça halkara simpoziumyna gatnaşdy

12:2305.03.2025
0
16538

5-nji martda Tokio şäherinde Suw meseleleri we tebigy betbagtçylyklar boýunça halkara simpoziumy geçirildi. Simpoziumyň işine döwlet düzümleriniň, halkara guramalarynyň, hususy kompaniýalaryň we raýat jemgyýetiniň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de «Türkmensuwylmytaslama» türkmen döwlet suw hojalyk ylmy-önümçilik we taslama institutynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Çäräniň çäklerinde «Merkezi Aziýa – Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde suw meseleleri boýunça bilermenleriň duşuşygy geçirildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň wekilleri öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara forumlarda öňe süren suw serişdelerini goramak we oýlanşykly peýdalanmak boýunça başlangyçlary barada gürrüň berdiler. Hususan-da, Merkezi Aziýada durnukly ösüşi gazanmak nukdaýnazaryndan suw serişdeleriniň ähmiýeti nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, serhetüsti suw hyzmatdaşlygynyň sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we rowaçlygy üpjün etmekde möhüm ugurlaryň biri bolup durýandygy bellenildi. Şeýle-de suw meselesiniň howanyň ählumumy üýtgemegi bilen baglylykda has möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygy, şol sebäpden hem suw serişdelerinden aýawly we oýlanyşykly peýdalanmagyň zerurdygy nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň