Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda täze kärhanalaryň açylmagy arkaly 3 müňden gowrak iş orny dörediler

10:0205.03.2025
0
28458

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan şu ýylda zähmet serişdelerini netijeli dolandyrmagy üpjün etmek, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, iş gözleýänleri hasaba almak, işe ýerleşdirmek boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Esasy tagallalar täze ýokary öndürijilikli, bäsdeşlige ukyply iş orunlaryny döretmäge gönükdiriler.

Bellenen meýilnamalara laýyklykda, 2025-nji ýylda häzirki zaman kärhanalaryny gurmagyň, döwlet düzüminde bar bolanlarynyň durkuny täzelemegiň hasabyna 3 müňden gowrak iş orny dörediler.

Şu ýylda ykdysady taýdan işjeň ilaty pensiýa ätiýaçlandyrmasyna çekmäge, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň töleniş ulgamyny kämilleşdirmäge, goldawa mätäç raýatlar üçin durmuş taýdan hyzmat etmegiň usullaryny kämilleşdirmek babatda teklipleri taýýarlamaga hem möhüm ähmiýet berler. Bu barada TDH habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň