4-nji martda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Eduards Stipraýs bilen duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşykda Türkmenistanyň alyp barýan içeri hem-de parahatsöýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary we milli Parlamentiň düzümi, alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy. Halkara guramalar, Ýewropa Bileleşigi bilen köpýyllyk özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigi hem-de Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlar boýunça giňeldilýändigi bellenildi.
Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda soňky ýyllarda gazanylan ylalaşyklaryň, kanun çykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmagyň, şeýle hem Türkmenistanyň ÝB-niň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklarynyň döwrebap binýadyny kemala getirmäge ýardam edýän parlament wekilleriniň duşuşyklarynyň hem-de bilelikde geçirilýän okuw maslahatlarynyň ähmiýetini bellediler.
«Ýewropa Bileleşigi – Тürkmenistan» Parlamentara dialogynyň, Adam hukuklary boýunça dialogyň, daşary syýasat edaralarynyň arasynda we hyzmatdaşlygyň aýry-aýry meseleleri boýunça Konsultatiw duşuşyklaryň, şol sanda «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» formatyndaky özara hereketleriň netijeliligi barada aýdyldy.
Taraplar geljekde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga taýýardyklaryny beýan etdiler.