Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Ak altyn geňeşliginiň Bagtyly obasynyň ýaşaýjysy Sarygül Mätiýewa şu ýylyň ýanwarynda 117 ýaşady. Ony Türkmenistanda, şol sanda dünýäde iň uzak ýaşly zenan hasaplap bolar diýip, «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen makalada bellenilýär.
Makalada bellenilişi ýaly, Türkmenistanda ozal hem iň uzak ýaşly ýaşaýjy ýurduň degişli edaralary tarapyndan hasaba alnypdy. 1900 — 2022-nji ýyllar aralygynda Mary welaýatynyň Mary etrabynda ýaşan Ajapsoltan Hajyýewa ýaşy boýunça häzirki wagtda çenli ýurduň taryhynda iň uzak ýaşan zenan hasaplanýar.
Türkmenistanyň häzirki wagtda iň uzak ýaşly ýaşaýjysy Sarygül Mätiýewa 1908-nji ýylyň gyşynda Rejep aga bilen Ogul ejäniň ojagynda dünýä inýär. Ýaşlykda daýhançylyk, il işleri bilen meşgullanypdyr. Öz obadaşy Mäti Bozaganow bilen durmuş gurup, Gurban hem-de Güýç atly ogullaryny, Amantäç, Ejegül, Gyzsoňy, Altyn atly gyzlaryny edep-ekramly, hojalykçy edip terbiýeläpdirler. Häzirki wagtda olaryň ählisi-de hormatly dynç alyşda. Sarygül enäniň 43 agtygy, 97 çowlugy, 9 ýuwlugy bar. Adamsy Mäti aga 1982-nji ýylda aradan çykýar.
Sarygül Mätiýewanyň ýaşlygy Beýik Watançylyk urşy ýyllaryna gabat gelip, tylda zähmet çekýär, gijelerine el işlerini edip, fronta goşant hökmünde iberýär. Agasy Begmyrat ady belli seýis bolup, hojalygynda at saklandygy üçin, Sarygül Mätiýewa-da, at münmegiň, ony seýislemegiň usullaryny öwrenýär. At münmek, uzak menzillere gitmek höwesi onda, aýratyn-da, 1935-nji ýyldaky Aşgabat – Moskwa ilkinji atly ýörişinden soňra döreýär. Türkmen bedewleri 4300 kilometri 84 günde geçip, dünýäni haýrana goýupdy. Gahrymançylykly atly ýörişden ruhlanan türkmen gyzlary şol döwürler Aşgabatda bellenilýän iri syýasy-jemgyýetçilik wakalara gatnaşmak üçin, atly ýörişleri gurap başlaýalar. 1936-njy ýylyň iýunynda 83 adamdan ybarat atlylar Darganata etrabyndan Aşgabada tarap ýola düşýär. Ýörişe gadymy Daşoguz welaýatyndan hem onlarça atly gyz hem goşulýar. Olara Sarygülem goşulypdyr.
Makalada bellenilişi ýaly, Sarygül Mätiýewanyň körpe ogly Güýç Mätiýew ejesiniň uzak ýaşamak baradaky maslahatlaryny we her günki hereketleri barada gürrüň beripdir: «...Ejem her gün irden otagynyň perdesini syryp mellegimize seredýär. Ol bütin ömrüni zähmete bagyşlap, ýerden bereket tapdy. Bu endiginiň özüni rahatlandyrýandygyny, başyndan geçiren günlerini ýadyna salýandygyny aýdyp berýär. Ýene-de ejemiň “Köp ýatmaly däl, hemişe hereketde bolmaly. Ukyňam öz wagty bar, işiňem. Gam-gussa berlip oturmaly däl, gaýgy-gam, oý-pikir adamy garradýar. Pikirden iş bitmez, hereket gerek, hemme zat üçinem. Ýaşamak üçin maksadyň bolmaly, höwes ýitse, ýaşaýşyňam manysy bolmaz. Bedew münüň, bedew münen hassa bolmaz diýerdiler...” diýýän sargytlarynyň ählisine-de özi durmuşda wepaly boldy. Adamyň uzak ýaşamagynyň syry, mümkin, şu häsiýetlere eýerilmegi bilenem bagly bolsa gerek...».
Makalada nygtalyşy ýaly, Sarygül Mätiýewanyň pasportynda onuň 1908-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda doglandygy baradaky maglumat bar. Häzirki wagtda Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitaby «Dünýäniň iň uzak ýaşly ýaşaýjylary» ugry boýunça iň uzak ýaşly adamlary kesgitlände Gerontologik barlag toparynyň maglumatlaryna esaslanýar. 1990-njy ýylda döredilen bu gurama uzak ýaşan ýaşaýjylary (azyndan 110 ýaşan) agtarýan hem-de barlaýan dürli ugurlara ýöriteleşen barlagçylaryň toparydyr. Hünärmenler şeýle adamlaryň doglan anyk senesinden başlap, bütin ömri baradaky maglumatlary öwrenip, olaryň hakykylygyny anyklaýarlar we şondan soň uzak ýaşlylaryň sanawyna girizýärler. 2024-nji ýylyň dekabr aýynyň maglumatlaryna görä, bu gözleg-barlag topary tarapyndan dünýä taryhynda ýaşy 110-dan geçen iň uzak ýaşly 100 adam resmi taýdan hasaba alyndy. Sanawda 1875 — 1997-nji ýyllar aralygynda ýaşap, 122 ýaşynda aradan çykan fransiýaly zenan Žanna Kalman häli-häzire çenli iň uzak ýaşan adam hökmünde görkezilýär. Şol sanawdakylaryň häzirki günde diňe dördüsiniň ýaşaýandygy, 1908-nji ýylyň 8-nji iýunynda doglan braziliýaly monah zenan Ina Kanabarro Lukasyň «Dünýäniň iň uzak ýaşly ýaşaýjysy» hökmünde şu ýylyň ýanwarynda resmi taýdan Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizilendigi görkezilýär. Sanaw bilen tanşanyňda, gerontologik barlaglaryň, esasan-da, Amerikada, Latyn Amerikasy, Ýewropa we Gündogar Aziýa ýaly sebitlerde has işjeň geçirilendigini çaklamak mümkin. Şu ýerde ýurduň degişli düzümleri tarapyndan resmi hasaba alnan maglumatlara salgylanylsa, iki sany pikir gelip çykýar: fransiýaly ene 122 ýaşap, taryhda iň uzak ýaşan adam hökmünde resmileşdirilipdir. Belli bolşy ýaly, maryly Ajapsoltan Hajyýewa hem 122 ýaşynda dünýäde ötýär. Ikinjiden, resmi taýdan häzir ýaşap ýörenleriň arasynda iň ýaşuly saýylyp, Ginnesiň kitabyna girizilen braziliýaly ene 1908-nji ýylyň 8-nji iýunynda doglupdyr. Diýmek, ol doglanda Sarygül Mätiýewa bäş aýlyk bäbek ekeni.
Häzirki wagtda Türkmenistanda uzak ýaşlylaryň, aýratyn-da, ýaşy 100-den geçýän adamlaryň sany yzygiderli artýar. Bu bolsa ýurtda ynsan saglygyny goramak, arassa ekologiýa gurşawyny döretmek, şeýle-de asudalygy üpjün etmek ýaly, döwletiň ileri tutýan wezipeleri bilen hem baglanyşyklydyr.
Şeýle-de okaň:
- Türkmenistanly zenan 116 ýaşyny doldurdy
- Türkmenistanyň iň uzak ýaşly ynsany 121 ýaşady
- 121 ýaşly Ajapsoltan Hajyýewa Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi
- 120 ýaşly türkmen zenany Ajapsoltan Hajyýewa - dünýäniň iň uzak ýaşly ýaşaýjysy