Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al-Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, söhbetdeşligiň başynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Kataryň Emiri birek-biregi we iki ýurduň halklaryny mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen gutladylar.
– Soňky ýyllarda Türkmenistan Katar Döwleti bilen ýola goýlan döwletara gatnaşyklara ýokary baha berýär hem-de bu gatnaşyklary ileri tutulýan ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge şahsy goşandy üçin Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al-Tanä minnetdarlyk bildirdi.
Öz nobatynda, Katar Döwletiniň Emiri türkmen halkynyň Milli Lideriniň däp bolan ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşýan uly goşandynyň ähmiýetini belledi, şeýle hem mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Gahryman Arkadag söhbetdeşlikde nebitgaz, himiýa we dokma senagaty, maýa goýumlar, ulag we söwda ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygyň Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegi uly bolan ugurlaryna öwrüljekdigini belläp, bu ugurlarda bar bolan mümkinçiliklere we toplanan oňyn tejribä esaslanyp, özara bähbitli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň gazanyljakdygyna ynam bildirdi.
Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Katar bilen däp bolan özara bähbitli gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklap, iki ýurduň we olaryň halklarynyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyly mynasyp derejede dabaralandyrmak üçin goňşy ýurtlar we halkara guramalar bilen dürli syýasy çäreleri geçirmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň belleniljek gününde – 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň geçiriljekdigini aýtdy we Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al-Tanini şol halkara foruma, baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga uly hormat bilen çagyrdy.