Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow, Ýaponiýanyň paýtagtynda geçirilen «Tokio Marafon — 2025» atly abraýly halkara çärä gatnaşdy. Bu çäre dünýäniň dürli künjeklerinden 38000-den gowrak gatnaşyjylary jemledi. Tokio marafony dünýä derejesindäki waka bolup, ol «World Marathon Majors» toplumyna degişli alty sany marafonuň biridir we «World Athletics» tarapyndan berlen platina derejesine eýedir. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy habar berdi.
Ilçi A.Baýramow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beren interwýusynda Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylarynyň jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmäge, hususan-da, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga gyzyklanma döretmek ugrunda alnyp barylýan işlere uly ähmiýet berýändiklerini nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan öňe sürlen we Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn başlangyçlarynyň netijesinde Aşgabat şäherinde bu maksatlar üçin ähli şertler döredildi.
Mundan başga-da, türkmen dilomaty Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylarynyň başlangyjy bilen sportuň has giňden ösmegine uly goşant goşan möhüm mysallar hökmünde BMG-niň Baş Assambleýasynda kabul edilen resminamalar, ýagny, «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly, 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakyndaky hem-de «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly kararnamalarnyň kabul edilmegi barada durup geçdi.
Ýeri gelende bellesek, Tokio marafony her ýyl geçirilýär we 42 km 195 metr aralygy geçmekde bäsleşmäge mümkinçilik berýär. Çäräniň hemaýatkäri Tokio şäher häkimligi bolup durýar.