Gazagystanyň Prezidenti Aşgabatda geçiriljek halkara parahatçylyk forumyna gatnaşar, Rimde Türkmenistandan tapylan arheologiki tapyndylaryň sergisine taýýarlyk görülýär, Tmcell «Oraza» atly mugt hyzmatyny işe girizdi we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna ýollan hatynda şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady. Tokaýewiň bellemegine görä, bu wekilçilikli forumy geçirmek başlangyjy ynanyşmagy, özara düşünişmegi pugtalandyrmakda Türkmenistanyň eýeleýän aýratyn ornuny, parahatçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär.
2. Türkmenistanyň we Italiýanyň Hökümetleri Rimdäki Kapitoli muzeýinde görkeziljek giň gerimli arheologik sergä taýýarlyk görýärler. Bu barada Italiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Luiji Ferrari Aşgabatda geçirilen «Festa della musica» türkmen-italýan konsertiniň dowamynda habar berdi. Sergide gadymy Merw we Nusaý topraklarynda tapylan täsin artefaktlar görkeziler. Olaryň arasynda türkmen-italýan arheologik ekspedisiýalarynyň bilelikde tapan gymmatly tapyndylary, şeýle hem Turin we Bolonýadan gelen ylmy-barlag toparlarynyň açyşlary hem bar.
3. Türkmenistanyň milli öýjükli aragatnaşyk operatory Tmcell «Oraza» atly ýörite mugt hyzmatyny işe girizdi. Bu hyzmat abonentlere ýaşaýan sebitlerine baglylykda, agyz beklemegiň tertibi barada maglumat almaga mümkinçilik berýär. Ulanyjylara amatlylyk üçin kompaniýa ýurduň dürli welaýatlarynda agyz beklenilýän we agzaçar wagtlaryny göz öňünde tutýan kodlar ulgamyny döretdi. Bu hyzmat mukaddes Oraza aýynyň dowamynda ähli abonentlere mugt hödürlenilýär.
https://turkmenportal.com/blog/88493/tmcell-zapustil-v-turkmenistane-besplatnuyu-uslugu-oraza
4. Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sungat galereýasynda görnükli türkmen şahyry Gurbannazar Ezizowyň 85 ýyllygyna bagyşlanan «Ynam» atly suratlar sergisi açyldy. Sergide häzirki zaman sungaty ugry boýunça işleýän suratkeşler öz işlerini görkezdiler.
5. Türkmenistanda teatrlaryň arasynda geçirilen milli bäsleşigiň jemi jemlenildi. Onuň netijeleri boýunça Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry «Kärizgenler» diýen sahna oýny ýeňiji boldy we teatr «Iň gowy sahna oýny üçin» atly baş baýrak bilen sylaglandy.
https://turkmenportal.com/blog/88520/v-turkmenistane-po-itogam-konkursa-nagradili-luchshie-teatry
Dünýäde
1. Los-Anjelesde Amerikan akademiýasynyň baýragynyň 97-nji gowşurylyş dabarasy geçirildi. Režissýor Şon Beýkeriň «Anora» atly filmi gazanan baýraklarynyň sany boýunça jedelsiz ýeňiji boldy, film bäş sany abraýly heýkeljige mynasyp görüldi. «Anora» «Iň gowy film», «Iň gowy režissura», «Iň gowy zenan keşp», «Iň gowy asyl ssenariýa» we «Iň gowy montaž» ugurlarynda tapawutlandy. «Anora» filminde iň gowy ikinji plandaky aktýor diýen ugurda dalaşgär görkezilen russiýaly aktýor Ýura Borisow heýkeljigi alyp bilmedi – bu ugurdaky baýrak «Hakyky agyry» filmindäki işi üçin Kiran Kalkine berildi.
2. Norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen haýyr-sahawat auksionynda rapid boýunça dünýä çempionatyndan çetleşdirilmegine sebäp bolan jinsisini üstünlikli satdy. Meşhur eşik üçin söwda 10 gün dowam etdi we auksionyň soňky sagadynda lotyň bahasy 14,2 müň dollardan 36,1 müň dollara çenli ýokarlandy. Italiýanyň «Corneliani» brendiniň bu jinsileriniň adaty bölek satuw bahasynyň 200-500 dollar aralygyndadygy bellärliklidir. Söwdadan alnan pul haýyr-sahawata berler.
Sport täzelikleri
1. Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy Eziz Döwletow BAE-niň Tennis federasiýasynyň baş sekretary Naser Ýusuf Al Marzuki bilen türkmen türgenleriniň indiki ýyl Dubaýda geçiriljek «ATP 500» ýaryşyna gatnaşmak mümkinçiligi barada gepleşikleri geçirdi. Şeýle hem taraplar bilelikdäki ýygnanyşyklary geçirmegiň, sport psihologlaryny taýýarlamagyň we dünýäde meşhurlygy artýan padel-tennis görnüşini ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
2. Belarusyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň 1/4 final duşuşygynda «Witebsk» öz meýdançasynda «Slusk» toparyndan üstün çykdy. Oýun 2:0 hasabynda ýer eýeleriniň hasabyna tamamlandy. «Witebsk» klubynyň türkmenistanly goragçysy Wepa Jumaýew başlangyç düzümde oýna çykdy we ol tutuş oýny esasy düzümde geçirdi.
3. Erkin göreş boýunça üç gezek olimpiýa çempiony bolan Buwaýsar Saýtiýew Moskwada 50 ýaşynda aradan çykdy. Ol özüni oňaýsyz duýup, kellesiniň agyrýandygyny we gowşaklyk duýýandygyny aýdypdyr. Ýagdaýy erbetleşen soň dessine tiz kömegi çagyrypdyrlar. Pälwany Moskwanyň hassahanasyna ýerleşdiripdirler, şol ýerde hem ol aradan çykypdyr.