Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna ýollan hatynda şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady diýip, TDH ýazýar.
«2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna çakylygyňyz üçin Size hoşallygymy bildirýärin hem-de bu möhüm çärä gatnaşjakdygymy tassyklaýaryn», diýlip hatda bellenilýär.
Kasym-Žomart Tokaýewiň bellemegine görä, bu wekilçilikli forumy geçirmek başlangyjy ynanyşmagy, özara düşünişmegi pugtalandyrmakda Türkmenistanyň eýeleýän aýratyn ornuny, ählumumy howpsuzlygyň durnukly mehanizmlerini döretmäge ýardam bermek bilen, parahatçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär.
«Geçiriljek forumyň halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşmak, olaryň çözgütlerini işläp taýýarlamak üçin möhüm meýdança boljakdygyna ynanýaryn» diýip, Gazagystanyň Prezidenti nygtaýar.
Mundan ozal Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşjakdygyny tassyklapdy.