Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«IFT 2025» halkara forumyna Lipesk Söwda-senagat edarasynyň prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky rus wekiliýeti gatnaşar

16:2311.03.2025
0
9771
«IFT 2025» halkara forumyna Lipesk Söwda-senagat edarasynyň prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky rus wekiliýeti gatnaşar
Surat: Lipetsktime.ru

Ozal habar berşimiz ýaly, 18-nji martda Aşgabat şäherinde «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2025) atly halkara forumy geçiriler. Foruma Lipesk Söwda-senagat edarasynyň prezidenti Anatoliý Golsowyň ýolbaşçylygyndaky rus wekiliýetiniň gatnaşmagyna garaşylýar. Wekiliýetiň düzüminden Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň, Ykdysady ösüş ministrliginiň we Senagat we söwda ministrliginiň wekilleri hem orun alarlar. Bu barada lipetsktime.ru saýty ýazýar.

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2025) atly halkara forumyň çäklerinde Türkmenistanda hususy ulgamy ösdürmegiň esasy ugurlary, ykdysadyýete öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we halk hojalygynyň strategiki ähmiýetli ugurlaryna maýa goýumlary çekmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şol bir wagtyň özünde bu forum türkmen we rus işewürleri üçin hem özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda pikir alyşmaga amatly meýdança bolup hyzmat eder.

Ýeri gelende bellesek, bu foruma 26 ýurtdan 200-den gowrak wekiliň gatnaşmagyna garaşylýar. Çärä Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, daşary ýurtly maýadarlar, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem ykdysadyýet we innowasiýalar ulgamyndaky hünärmenler gatnaşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň