Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Delä goşmaça uçuşlary amala aşyrar

16:0511.03.2025
0
13570
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Delä goşmaça uçuşlary amala aşyrar
Surat: Avia Pages.ru

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 15 — 29-njy mart aralygynda Aşgabat — Deli — Aşgabat ugry boýunça goşmaça gatnawlary amala aşyrar. Goşmaça howa gatnawlary hepdäniň şenbe günlerinde guralar. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda habar berildi.

Bellenilişi ýaly, goşmaça uçuşlar bu döwürde syýahat etmegi meýilleşdirýän ýolagçylara amatlylygy üpjün edip, Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky ulag arabaglanyşygyny gowulandyrar.

Goşmaça maglumatlary ýa-da petekleri turkmenistanairlines.tm alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň