Türkmenistanyň we Italiýanyň Hökümetleri Rimdäki Kapitoli muzeýinde görkeziljek giň gerimli arheologik sergä taýýarlyk görýärler. Bu barada Italiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Luiji Ferrari Aşgabatda geçirilen «Festa della musica» türkmen-italýan konsertiniň dowamynda habar berdi.
Sergide gadymy Merw we Nusaý topraklarynda tapylan täsin artefaktlar görkeziler. Olaryň arasynda türkmen-italýan arheologik ekspedisiýalarynyň bilelikde tapan gymmatly tapyndylary, şeýle hem Turin we Bolonýadan gelen ylmy-barlag toparlarynyň açyşlary hem bar.
Ilçiniň sözlerine görä, şu ýyl Italiýanyň arheologik jemgyýeti we giň jemgyýetçiligi Türkmenistanyñ gadymy we baý taryhy bilen gönüden-göni tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik alarlar.