Microsoft kompaniýasy meşhur Skype messenjer ulgamynyň 2025-nji ýylyň maý aýynda öz işini togtadýandygy baradaky maglumaty resmi taýdan tassyklady – diýip, daily.afisha.ru saýty habar berýär.
Microsoft kompaniýasynyň korporatiw blogynda bu çözgüdiň sebäbiniň «biziň mugt aragatnaşyk hyzmatlarymyzy ulanmagy ýönekeýleşdirmek we ulanyjylaryň isleglerine has aňsat uýgunlaşmak» meýliniň bolandygyny görkezýär. Kompaniýa Skype messenjeriniň ulanyjylaryna Microsoft Teams platformasyna ýuwaş-ýuwaşdan geçmegi teklip edýär we bu goşundyda hasaba alynmak bilen bar bolan ähli çatlara we aragatnaşyk maglumatlaryna awtomatik ýagdaýda goşulmaklygy kepillendirýär.
Täze platforma geçmek islemeýän ulanyjylara öz çatlarynyň taryhyny, aragatnaşyk maglumatlardaky sanawyny we jaň edilen ýazgylaryny başga goşunda geçirmek mümkinçiligi dörediler.
«Teams goşundysyna geçmek – bu geljege ädimdir, ýöne biz size her ädimde goldaw bereris. Teams aragatnaşyk we hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri hödürleýär, we biz size şolardan peýdalanmaga kömek etmeklige diýseň şat bolarys» – diýip, habaryň soňky böleginde aýdylýar.
Skype 2003-nji ýylda döredildi, 2011-nji ýylda bolsa Microsoft kompaniýasynyň gözegçiliginiň astyna geçdi. Bu satyn alynmadan soň korporasiýa Windows Live Messenger goşundysyny goşup, öz aragatnaşyk önümleriniň birnäçesine goldaw bermegi kem-kemden bes etdi. 2015-nji ýylda Microsoft Skype messenjerini Windows 10 operasion ulgamyna birleşdirmäge synanyşypdy.