Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

7-8-nji aprelde saglygy goraýyş boýunça XII Türkmen-german forumy geçiriler

10:0301.03.2025
0
14975

Türkmenistanda 7-8-nji aprelde saglygy goraýyş boýunça XII Türkmen-german forumyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada 28-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewanyň hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, forumy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde sanly ulgam arkaly geçirmek hem-de onda pediatriýanyň, onkologiýanyň, amaly lukmançylyga sanly tehnologiýalary we intellektual-seljeriş ulgamlaryny ornaşdyrmagyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Çärä Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Saglygy goraýyş ministrliginiň we öňdebaryjy klinikalarynyň professorlarynyň, Türkmenistanyň hassahanalarynyň lukmanlarynyň, Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk merkezleri bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Döwlet Baştutany Germaniýa Federatiw Respublikasynyň saglyk merkezleri bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, saglygy goraýyş boýunça nobatdaky Türkmen-german forumyny geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň