Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Halk Maslahatynyň Başlygy halkara maliýe guramalarynyň wekilleri bilen duşuşdy

23:2128.02.2025
0
18405
Halk Maslahatynyň Başlygy halkara maliýe guramalarynyň wekilleri bilen duşuşdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti hanym Antonella Bassani, Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory hanym Tatýana Proskurýakowa hem-de Halkara maliýe korporasiýasynyň Merkezi Aziýa we Türkiýe boýunça sebitleýin direktory hanym Wibke Şlýomer bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, duşuşykda hanym Antonella Bassani Bütindünýä bankynyň ýolbaşçysynyň türkmen halkynyň Milli Liderine iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda halkara maliýe guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyna ýokary baha berip, ýurduň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakda möhüm ornuny, Gahryman Arkadagyň bu ugurda öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtadylar hem-de Halk Maslahatynyň Başlygyny we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gutladylar.

Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä bankynyň ýolbaşçysyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri şeýle-de myhmanlaryň saparynyň çäklerinde geçiriljek duşuşyklaryň Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary barada pikir alyşmaga ýardam berjekdigine ynam bildirip, bu gepleşikleriň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belläp, geçen ýyllaryň dowamynda bu bankyň saglygy goraýyş, bilim, ulag, aragatnaşyk we energetika ýaly pudaklarda Türkmenistanyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üçin uly ähmiýete eýe bolan birnäçe taslamalary maliýeleşdirmäge gatnaşandygyny nygtady.

Şeýle-de Hazarüsti halkara gatnawlaryny işjeňleşdirmegiň we bu ugurdaky kuwwatlyklary doly peýdalanmagyň möhümdigi bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Ýewropa we Aziýa sebitlerini birleşdirýän Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstaşyr geçirijiligini artdyrmak boýunça uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmak babatda Bütindünýä bankynyň anyk tekliplerine seretmäge, şeýle hem bu bank bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň