Şu gün Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti Antonella Bassaniniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Bütindünýä bankynyň sebitleýin direktorlary we Halkara maliýe korporasiýasynyň wekilleri hem gatnaşdylar.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de Türkmenistanyň Bütindünýä banky bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Olaryň arasynda suw serişdelerini dolandyrmak, energetika, ulag-logistika ulgamlary aýratyn orun eýeleýär.
Türkmen tarapy Merkezi Aziýa sebitindäki suw meselelerini çözmek boýunça özüniň üç ýörelgä esaslanýan resmi garaýyşlaryny mälim etdi: birinjiden, halkara hukugynyň kadalarynyň berjaý edilmegi, ikinjiden, sebitiň ähli döwletleriň bähbitleriniň nazara alynmagy hem-de üçünjiden, bu işlere halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň gatnaşmagy.
Merkezi Aziýanyň serhetüsti derýalarynda gidrotehniki hem-de suw hojalyk desgalarynyň gurluşygynyň ýokary tehnologiki, ekologiýa, tehniki we beýleki halkara ülňüleriniň berk berjaý edilmeginde amala aşyrylmalydygy aýratyn bellenildi.
Mundan başga-da, taraplar ulag we arabaglanyşyk, metan zyňyndylaryny azaltmak hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ýaly ugurlar boýunça bilelikdäki işleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.