Mejlisiň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti iş sapary bilen Ankara bardy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň parlament wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi, mart aýynda Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna dört baýramçylyk güni garaşýar we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Ankara şäherinde iş sapary başlandy. Saparyň maksady Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda ýola goýlan parlamentara gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Saparyň çäklerinde Türkiýäniň resmi wekilleri bilen duşuşyklar meýilleşdirilýär. Şunda Türkmenistanyň hemişelik Bitarap hukuk ýagdaýyna esaslanýan ählumumy ähmiýetli başlangyçlaryň ara alnyp maslahatlaşylmagyna aýratyn üns berler.
2. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk toparynyň başlygy Juzeppina Prinçiniň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa Parlamentiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Ýewropa Parlamenti bilen hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdiler. Türkmen tarapy ÝB bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn görnüşde we «ÝB – Merkezi Aziýa» formatynyň çäklerinde ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.
3. 2025-nji ýylyň başynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan çap edilen önümçilik senenamasyna görä, türkmenistanlylar mart aýynda 4 gün dynç alarlar. 8-nji mart — Halkara zenanlar güni, 21-22-nji mart — Milli bahar baýramy, 30-njy mart — Oraza baýramy resmi dynç günleri diýlip yglan edildi.
4. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we Türkmenistanyň zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guramagynda ýurduň teatrlarynyň arasynda «Mähre doly eneleriň ýüregi» atly bäsleşik geçirilýär. Bäsleşigiň netijeleri 1-nji martda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda yglan ediler.
https://turkmenportal.com/blog/88320/v-turkmenistane-prohodit-konkurs-sredi-teatrov
5. Türkmenistanyň DIM-inde daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu welaýatynyň Halk hökümetiniň Daşary işler boýunça edarasynyň direktorynyň orunbasary Çžao Szýun bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň depginli ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Medeni-ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklaryň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.
Dünýäde
1. 25-26-njy sentýabrda Stambulda syýahatçylyk pudagynda iň iri wakalaryň biri bolan ITF sergisi geçiriler. Serginiň esasy maksady dünýäniň dürli künjeklerinden syýahatçylyk pudagynyň hünärmenlerini birleşdirmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmek, innowasion syýahatçylyk önümlerini we hyzmatlaryny ilerletmek üçin meýdança döretmekden ybaratdyr. Maksatnama bilermenleriň çykyşlaryny we bazara gatnaşyjylar üçin täze mümkinçilikleri açjak mowzuklaýyn mejlisleri öz içine alar. 25-nji sentýabr agşamy geçirilmegi meýilleşdirilýän gala oturlyşygy serginiň aýratyn çäresi bolar.
2. Uzak wagtlap dowam edýän gar ýagyny Ýaponiýanyň kenarýaka etraplarynda uly kynçylyklary döredýär. Uly gar gatlaklary ýollary, agaçlary we ýaşaýyş jaýlarynyň üçeklerini örtdi. Minamiuonuma şäherinde gar örtüginiň galyňlygy dört metre golaýlady. Has täsirli ýagdaý Sukaýu-onsen dag-lyža dynç alyş merkezinde emele geldi, bu ýerde gar depeleriniň beýikligi iki gatly binalar bilen deňleşdi. Bu soňky on ýyllykdaky iň ýokary görkezijidir.
Sport täzelikleri
1. Futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň 2025-nji möwsümine 4-nji martda badalga bermek meýilleşdirilýär. Milli kubok ugrunda 8 topar bäsleşer. Çempionat «Ahal» – «Nebitçi» duşuşygy bilen başlar. Ertesi gün, 5-nji martda ýene iki oýun geçiriler: «Altyn Asyr» paýtagt derbisinde «Aşgabady» kabul eder, «Merw» bolsa myhmançylykda «Şagadam» bilen oýnar. Ýatlatsak, 2024-nji ýylda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty dört tapgyrda geçirildi. Onda «Arkadag» topary yzly-yzyna ikinji gezek ýeňiji boldy. Milli çempionatyň kümüş medallaryny «Ahal», bürünç medallary paýtagtyň «Altyn Asyr» topary gazandy.