2025-nji ýylyň başynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan çap edilen önümçilik senenamasyna görä, türkmenistanlylar mart aýynda 4 gün dynç alarlar.
Aşakda görkezilen günler resmi dynç günleri diýlip yglan edildi:
- 8-nji mart — Halkara zenanlar güni
- 21-22-nji mart — Milli bahar baýramy
- 30-njy mart — Oraza baýramy
Şunda Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda, eger işlenilmeýän baýramçylyk ýa-da hatyra güni dynç güni (ýekşenbe) bilen gabat gelse, dynç güni baýramçylykdan ýa-da hatyra gününden soň gelýän iş güni bolýandygy bellenmelidir.