Serdar Berdimuhamedow oba hojalygynyň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy, daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasaryny, Balkanabat şäheriniň häkimini çalyşdy we sişenbe gününiň beýleki habarlary
Türkmenistanda
1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurduň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
2. Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatimany kabul etdi. Duşuşykda şu ýylyň awgust aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
3. Döwlet Baştutany Begenç Miminowy daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy. Bu wezipä ozal Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň häkimi bolup işlän Öwezgeldi Goşjanow bellenildi.
4. Balkanabat şäheriniň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Myrat Nazarowyň üstüne ýüklenildi.
https://turkmenportal.com/blog/88285/prezident-turkmenistana-smenil-hyakima-goroda-balkanabat
5. Türkmenistandaky daşary ýurt ilçilerinden ybarat topar «Saglyk ýoluna» pyýada gezelenç etdi. Diplomatlar 28 kilometr aralygy geçdiler. Olaryň üçüsi – ABŞ-nyň ilçisi Elizabet Rud, Ýaponiýanyň ilçisi Sasaki Hirosi we Pakistanyň ilçisi Ahsan Wagan umumy uzynlygy 36 kilometr bolan ýoly doly geçdiler.
6. 23-24-nji aprelde Malaýziýanyň paýtagtynda geçiriljek TEIF 2025 halkara forumy Türkmenistana daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin esasy meýdança bolar. Forumyň maksatnamasy Türkmenistanyň global energetikadaky we durnukly ösüşdäki orny barada plenar mejlis bilen açylar. Şunda TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyna we ýurduň energetika pudagynyň ösüş strategiýasyna aýratyn üns çekiler. Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň we Malaýziýanyň ykdysadyýetlerinde hususy pudagy ösdürmegiň meseleleri barada panel çekişmeleri geçiriler.
Dünýäde
1. «Start» messenjerini işläp düzüjiler platformanyň täzelenmesiniň çykandygyny habar berdiler. Täzelenmede faýllaryň işleniş tizligi 50% ýokarlandyryldy. Munuň özi serwer optimizasiýasy we maglumatlary geçirmek tehnologiýalarynyň kämilleşdirilmegi netijesinde mümkin boldy. Indi «Start» messenjerini ulanýanlar faýllary ýyldyrym çaltlygynda ýüklemekden we göçürmekden lezzet alyp bilerler. Kämilleşdirilen ulgamyň kömegi bilen göwrümi 100 MB-dan hem uly faýllar sähelçe salymyň içinde bökdençsiz ýüklenip bilner. Messenjeri tmstart.com resmi web saýtyndan ýa-da Google Play we App Store internet dükanlaryndan ýükläp alyp bolýar. Täze ulanyjylara 7 günlük tölegsiz Premium hasaba alynmak mümkinçiligi döredilýär.
2. Braziliýanyň demirgazygyndaky Amazon basseýniniň gyrasynda 55 müň ilaty bolan kiçijik Buritikupu şäherine uly howp abanýar – ol sözüň doly manysynda ýere gömülýär. Bu ýerde onlarça ýyl bäri dowam edýän toprak çökme hadysasy soňky hepdelerde has-da çaltlaşdy we ýerli häkimiýetleri adatdan daşary ýagdaý yglan etmäge mejbur etdi. Mesele takmynan 30 ýyl ozal, güýçli ýagyş çägesöw topragy yzygiderli ýuwup başlanda ýüze çykdy.
Sport täzelikleri
1. Meksikaly emin Marko Ortis «Inter Maýami» toparynyň ýyldyzy Lionel Messiden gol çekip bermegini sorandan soň alty aýlyk işden çetleşdirildi. Demirgazyk we Merkezi Amerikanyň hem-de Karib basseýni döwletleriniň futbol konfederasiýasynyň kararyna laýyklykda, eminiň guramanyň howandarlygyndaky halkara duşuşyklara gatnaşmagy gadagan edilýär, ýöne ol Meksikanyň çempionatynda eminligini dowam etdirip biler. Bu waka «Inter Maýami» bilen «Kanzas Siti» toparlarynyň arasynda geçirilen KONKAKAF-yň Çempionlar Kubogy ugrundaky oýundan soň bolup geçdi, duşuşyk Messiniň toparynyň 1:0 hasabynda ýeňşi bilen tamamlandy. Oýundan soň meksikaly emin Messiden gol çekip bermegini sorady we munuň maýyp garyndaşy üçindigini düşündirdi. Soňra emin özi ýalňyşyny boýun aldy, ötünç sorady we berlen düzgün-nyzam çäresi bilen razylaşdy.
https://turkmenportal.com/blog/88288/meksikanskii-arbitr-otstranen-na-polgoda-za-avtograf-messi