Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy, Oraza aýynda agyz beklenilýän we agzaçar wagtlary çap edildi, HHR-niň Başlygy Aşgabatda geçiriljek Parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara forumyna çagyryldy we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Halk Maslahatynyň Başlygy iş saparynyň barşynda täze şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.
2. Maslahatyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi Gülşat Mämmedowa «Polatly» binasyndan «Taýçanak» halkalaýyn aýlawly ýola çenli aralyga uzaýan ýoly ussat seýis Aba Annaýew şaýoly diýip atlandyrmak baradaky teklibi beýan etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri täze ýola Aba Annaýewiň adyny dakmak baradaky teklibiň Halk Maslahatynyň garamagyna hödürlenmelidigini aýtdy.
3. Arkadag şäheriniň demir ýol we awtomobil menzillerinde Gün panelleri oturdylar, bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew türkmen halkynyň Milli Liderine hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, täze şäheriň demir ýol menzili häzirki zamanyň talaplary we öňdebaryjy dünýä tejribesi göz öňünde tutulyp gurlar. Şol bir wagtyň özünde, toplumyň tutuş ulgamyny dolandyrmak we onuň işine gözegçilik etmek innowasioň tehnologiýalaryň esasynda amala aşyrylar.
https://turkmenportal.com/blog/88234/vokzaly-arkadaga-osnastyat-solnechnymi-panelyami
4. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň dowamynda «akylly» şäherde «4G+» ýokary tizlikli internet tehnologiýasynyň işine ak pata berdi.
5. Türkmenistanda «5G» tehnologiýasynyň işi ýola goýlar – täze nesil ulgam ilkinji gezek Arkadag şäherinde işe giriziler. Bu barada türkmen halkynyň Milli Liderine saparynyň çäklerinde şäheriň Aragatnaşyk müdirliginde berlen hasabatda mälim edildi. «5G» tehnologiýasyny synag görnüşinde goýbermek üçin Hytaýyň «Huawei» kompaniýasyndan birnäçe binýatly aragatnaşyk bekedi eýýäm oturdyldy. «5G» tehnologiýasynyň maglumat geçirijiligi ýokary bolup, 1 kilometr inedördül meýdançada ýüz müňlerçe enjamy birikdirmäge mümkinçilik berer. Täze tehnologiýa «akylly» şäher we «akylly» öý ulgamlaryny dolandyrmak üçin ulanylar.
6. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitony doglan güni mynasybetli gutlady. Döwlet Baştutany Ýaponiýa bilen syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça ýola goýlan netijeli hem özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi. 23-nji fewralda ýapon monarhy 65 ýaşady.
7. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçisi Mekan Işangulyýewi şol bir wagtda Türkmenistanyň Marokkodaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellemek hakynda Permana gol çekdi.
https://turkmenportal.com/blog/88242/turkmenistan-naznachil-posla-v-marokko
8. Mukaddes Oraza aýy yslam senenamasyndaky iň möhüm döwürleriň biridir. ol 2025-nji ýylda mart aýynyň başynda başlaýar. Bu aýyň dowamynda musulmanlar Gün dogandan tä ýaşýança iýip-içmekden saklanyp, agyz bekleýärler. Türkmenistanyň ähli welaýatlary üçin agzaçar wagtlarynyň meýilnamasy bilen «Turkmenportal» saýtynda tanşyp bilersiňiz.
9. Türkmenistan HHR-niň Başlygy Si Szinpine 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek Parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara forumyna resmi çakylyk hatyny iberdi. Forum iki möhüm waka: Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna gabatlanyp geçiriler.
10. Mart aýynda Aşgabat şäheriniň «Parahat — 7» ýaşaýyş jaý toplumynda we Büzmeýin etrabynda köp gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, şol sanda mümkinçiligi çäkli we durmuş goldawyna aýratyn mätäçlik çekýän raýatlar üçin ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabaralaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.
https://turkmenportal.com/blog/88218/v-marte-v-ashhabade-vvedut-v-ekspluataciyu-novye-zhilye-doma
Dünýäde
1. ABŞ-dan we Şweýsariýadan lukmanlar heniz göwrelilik döwründe 1-nji derejeli oňurga muskul atrofiýasy bolan çagany ilkinji gezek üstünlikli bejermek bilen, lukmançylykda öwrülişikli üstünlik gazandylar. Bu adatdan daşary ýagdaýyň netijeleri abraýly «New England Journal of Medicine» lukmançylyk neşirinde beýan edildi.
2. Halkara alymlar topary Ýerden 880 ýagtylyk ýyly uzakda ýerleşýän adaty bolmadyk Tilos ekzoplanetasynyň jikme-jik gözlegini geçirdi. Planeta ylma mälim bolan asman jisimleriniň arasynda iň ekstremal howa şertlerine eýedir. Gözleg Tilosyň atmosferasynyň üç ölçegli nusgasyny döretmäge mümkinçilik berdi. Alymlar özboluşly atmosfera hadysalaryny ýüze çykardylar: planetada ýagyn hökmünde erän metallar ýagýar, mälim bolan ekzoplanetalaryň arasynda iň çaltlygy bolan sesden hem tiz şemallar demir we titan bulutlaryny göterýär.
Sport täzelikleri
1. «Arkadagyň» futbolçylaryna Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi üçin kubok we medallar gowşuryldy. Kubogy Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň başlygynyň ikinji orunbasary Nazar Çöliýew we TFF-niň Baş sekretary Serdar Geldiýew «Arkadagyň» kapitany Ahmet Ataýewe gowşurdylar. Wladimir Baýramowyň şägirtleri iki ýylda altynjy kubogyny gazandylar. Ondan öň topar çempionlyk üçin iki gezek altyn medallara, iki gezek Kuboga we bir gezek Naýbaşy kuboga mynasyp bolupdy. Mart aýynda «Arkadag» AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çärýek finalynda Hindistanyň «Ist Bengal» kluby bilen duşuşar. Duşuşyklar 5-nji we 13-nji martda geçiriler. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogynyň kümüş we bürünç medallaryna, degişlilikde, «Ahal» we «Merw» mynasyp boldy.
https://turkmenportal.com/blog/88266/futbolistam-arkadaga-vruchili-trofei-za-pobedu-v-kubke-fft2025
2. «Torpedo-BelAZ» Dzeržinskiniň «Arsenal» topary bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda ýeňiş gazandy. Minskde geçirilen duşuşyk 3:1 hasabynda tamamlandy. Ýeňijileriň ilkinji goluny Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Teýmur Çaryýew derwezä girizdi. Çaryýew şu gyş Gyrgyzystanyň «Abdyş-Atasyndan» «Torpedo-BelAZ-a» geçeninden soň topardaky ilkinji goluny saldy. Ýarymgoragçy toparyň başlangyç düzüminde meýdança çykdy we 91-nji minutda çalşyldy.