23-nji fewralda irden Aşgabadyň diplomatik korpusyna degişli on sany ilçiden ybarat topar, howanyň sowukdygyna garamazdan, «Saglyk ýolna» pyýada gezelenç etdi.
Newscentralasia.net saýtynyň habar bermegine görä, ilçilere olaryň maşgalalary we kärdeşleri hem ýoldaşlyk etdiler.
Diplomatlar 28 kilometr aralygy geçdiler. Olaryň üçüsi – Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilçisi Elizabet Rud, Ýaponiýanyň ilçisi Sasaki Hirosi we Pakistanyň ilçisi Ahsan Wagan umumy uzynlygy 36 kilometr bolan ýoly doly geçmegi başardylar.
«Saglyk ýoly» Aşgabadyň meşhur ýerleriniň biridir. Saglygyny berkitmek isleýänlere arassa dag howasynda pyýada gezelenç etmäge mümkinçilik berýän bu ýol türkmen paýtagtynyň golaýynda ýerleşip, ol Köpetdagyň gerişlerinden geçýär.
Bu ýoluň iki ugry bar: 8 kilometrlik we 28 kilometrlik. Ýoluň iň ýokary nokady deňiz derejesinden 1000 metrden hem ýokarda ýerleşýär.