Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparyň 63-nji mejlisi geçirildi

09:4224.02.2025
0
9185

23-nji fewralda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 63-nji mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, mejlise degişli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Hazar deňzi institutynyň direktory, şeýle hem ugurdaş ministrlikleriňdir pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşykda Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyna laýyklykda göz öňünde tutulan Hazar deňzi meseleleri boýunça duşuşyklaryň ähmiýeti we öz wagtyndalygy bellenildi.

Mejlisde Türkmenistanyň Pudagara toparynyň 2024-nji ýylda Hazar deňzi meselesi boýunça alyp baran işleriniň netijeleri barada maglumat diňlenildi. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe sürlen «Hazar ekologik başlangyjynyň» durmuşa geçirilmegi boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn üns berildi.

Çykyşlarda Türkmenistanyň Hazar meseleleri boýunça deňagramly çözgütleri işläp düzmekde ençeme ýyllaryň dowamynda işjeňlik görkezýändigi we Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagynda möhüm orny eýeleýändigi bellenildi. Häzirki wagtda bu ugurdaky işler halkara hukugynyň çäginde hazarýaka ýurtlary bilen hyzmatdaşlykda dowam etdirilýär.

Mejlisde Türkmenistanyň Pudagara toparynyň Hazar deňzi meseleleri boýunça 2025-nji ýyl üçin Iş meýilnamasyna garaldy diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň