Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça pudagara duşuşyk geçirildi

12:3523.02.2025
0
18466

Duşuşyga «Türkmendemirýollary» we «Türkmenawtoulaglary» agentlikleriniň işgärleri, «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, «Türkmen Logistika» Assosiasiýasynyň, Türkmen halkara awtoulagly daşaýjylarynyň assosiasiýasynyň agzalarynyň we başga-da birnäçe halkara ýük daşamalary amala aşyrýan ulag-logistika kompaniýalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan, daşary ykdysady işine gatnaşýan telekeçiler hem-de gümrük dellallarynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Bu barada Gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşygyň başynda dwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary duşuşyga gatnaşyjylary ýurduň üstaşyr ulag geçirijiligini we logistika ulgamyny ösdürmäge, ýurduň çäginden geçýän üstaşyr ulag geçelgeleriniň özüne çekijiligini we sebitdäki ähmiýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilen, gümrük serhediniň üstünden haryt dolanyşygynyň artdyrylmagyna ýardam berýän şertleri giňeltmegiň, şol sanda ýurduň çägine getirilýän harytlar barada elektron görnüşde deslapky maglumaty bermegiň, şeýle hem ygtyýarly ykdysady operatoryň hukuk derejesini almagyň ähmiýetidur tertibi bilen tanyşdyrdylar.

Mundan başga, duşuşygyň barşynda, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda ulanylýan maglumat tehnologiýalary we sanly ulgam arkaly halkara ýük daşaýjylar tarapyndan deslapky maglumatyň berilmeginiň amaly mysallary görkezildi hem-de ýurtdan eksport edilýän harytlaryň gümrük amallary, şunda döwlet edaralarynyň rugsatnamasy esasynda gümrük serhedinden geçirilýän harytlary resmileşdirmegiň aýratynlyklary aýdyňlaşdyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň