Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň gyşky mejlisine gatnaşdy

10:3722.02.2025
0
16154
Türkmenistanyň wekiliýeti ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň gyşky mejlisine gatnaşdy
Surat: mejlis.gov.tm

20-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde geçirilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň gyşky mejlisine gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, çäräniň maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň wekiliýeti ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň hemişelik komitetiniň hem-de syýasy we howpsuzlyk meseleler, demokratiýa, adam hukuklary we ynsanperwer meseleler, ykdysadyýet, ylym, tehnologiýa we daşky gurşaw boýunça umumy komitetiň mejlislerine gatnaşdylar.

Gyşky mejlisiň dowamynda ýaş parlamentariler torunyň işini kämilleşdirmek, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, korrupsiýa garşy göreşmek ýaly meselelere aýratyn üns berildi.

Türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Mejlisinde döredilen Ýaş parlamentariler toparynyň maksady, ýurtda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde alnyp barylýan işler, ýaşlaryň döwlet dolandyryş ulgamyndaky orny, ýaşlar babatda halkara hyzmatdaşlygyň ugurlary we ýaşlar parlamentarizmini ösdürmek bilen bagly meseleler barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem çykyşlarda syýasy, harby, ykdysady, ekologiki ugurlarda ýüze çykan meselelerde ýagdaýlaryň oňyn çözülmegi ugrunda tagallalary birleşdirmegiň zerurdygy hem-de ÝHHG agza ýurtlarda, sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň, gapma-garşylyklaryň diplomatiýanyň gurallary arkaly çözülmeginiň maksadalaýyk boljakdygy barada bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň