Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda sport zallarynyň we sport hyzmatlaryny sertifikatlaşdyrmagyň täze tertibi girizildi

15:1421.02.2025
0
34841

Türkmenistanda bedenterbiýe we sport ulgamyndaky hyzmatlary sertifikatlaşdyrmagyň täze tertibi tassyklandy. Degişli bilelikdäki buýruk Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy A. Saparow we «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň başlygy M. Hojagulyýew tarapyndan 2025-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda gol çekildi we Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2025-nji ýylyň 13-nji fewralynda bellige alyndy.

Täze sertifikatlaşdyrma tertibiniň esasy düzgünleri

Resminama ýurtdaky ähli sport hyzmatlaryny sertifikatlaşdyrmak işiniň düzgünlerini kesgitleýär we raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge, hödürlenýän hyzmatlaryň hilini gözegçilikde saklamaga we sarp edijileri hiline laýyk bolmadyk hyzmatlardan goramaga gönükdirilendir.

Täze tertipde esasy üns berilmeli zatlar:

Hökmany sertifikatlaşdyrma: Bedenterbiýe we sport ulgamynda hyzmat edýän ähli ýuridiki we fiziki şahslar laýyklyk şahadatnamasyny almaga borçludyrlar.

Ygtyýarlandyrylan gurama: Sertifikatlaşdyrmagy «Türkmenstandartlarynda» döwlet akkreditasiýasyndan geçen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport çärelerini geçirmek we utgaşdyrmak boýunça guramasy geçirer.

Sertifikatyň hereket ediş möhleti: Laýyklyk şahadatnamasy 3 ýyla çenli möhlete berilýär.

Sport desgalaryna bildirilýän talaplar: Howpsuzlygyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy, arassaçylyk-ýokanç kesellere garşy göreşmek babatdaky ýagdaýy we binalaryň ýangyna garşy goragy boýunça berk standartlar bellenilýär.

Hünär ugry boýunça talaplar: Sport guramalary Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan tassyklanan talaplara laýyk gelýän hünär derejesi bolan işgärlere eýe bolmalydyrlar.

Sertifikatlanan hyzmatlar olaryň bellenilen talaplara laýyklygyna her ýyl barlag geçiriler. Sertifikatsyz hyzmat edilendigi üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik göz öňünde tutulýar.

Sport toplumlarynyň, fitnes-merkezleriň eýelerine we beýleki sport hyzmatlaryny hödürleýänlere täze tertibiň talaplary bilen öňünden tanyşmaklary we öz işlerini şolara laýyk getirmekleri maslahat berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň