Saud Arabystany Türkmenistana 25 tonna hurma iberdi, «Dragon Oil» Türkmenistanda alyp baran 25 ýyllyk işiniň dowamynda 10 mlrd dollar maýa goýdy, «Türkmenistan» awiakompaniýasy doglan gününi belleýänler üçin ýörite aksiýa yglan etdi we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Patyşa Salman adyndaky Goldaw we ynsanperwer kömek merkezi Türkmenistana 25 tonna hurma iberdi. Önümleri gowşurmak dabarasy Saud Arabystany Patyşalygynyň Aşgabatdaky ilçihanasynda geçirildi. Getirilen hurmalar mukaddes Oraza aýynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň ähli metjitleriniň we musulman jemgyýetleriniň arasynda paýlanar.
2. «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Ali Al Jarwan kompaniýanyň 25 ýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda Türkmenistanyň nebitgaz ýataklaryny özleşdirmäge takmynan 10 mlrd dollar maýa goýlandygyny habar berdi. «Dragon Oil» Türkmenistanda 2000-nji ýyldan bäri ýurduň Hökümeti bilen baglaşylan önümi paýlaşmak hakynda Ylalaşygyň esasynda iş alyp barýar. Kompaniýa Çeleken şertnamalaýyn zolakda, şol sanda Jeýtun we Jygalybeg deňiz ýataklarynda nebiti we gazy gazyp almak işlerini alyp barýar.
3. «Türkmenistan» awiakompaniýasy doglan günlerini ýatda galyjy etmegi teklip edýär. Kompaniýa öz resmi saýtynda ýörite aksiýanyň geçirilýändigini yglan etdi. Eger ýolagçynyň doglan güni uçuşyň senesi bilen gabat gelse, ol Kuala-Lumpura, Hoşimine, Bangkoka, Londona, Frankfurta we Milana awiabiletleri satyn alanda ýörite teklipden peýdalanyp bilýär. Aksiýa 2025-nji ýylyň 25-nji oktýabryna çenli dowam eder.
4. Pakistan ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplaryna bank işi, demiýol ulagy, IT, derman senagaty we dil bilimi hünärleri boýunça býujetli orunlary hödürlemäge taýýar. Bu barada Pakistanyň ilçisi Ahsan Wagan Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen duşuşygynyň dowamynda belläp geçdi.
5. Penşenbe güni Hytaýy Çžençžou şäherinden Aşgabada «TIR» ulgamy boýunça ilkinji ýük awtoulagy ugrady. «TIR» ulgamy halkara ýük daşamalary ep-esli ýeňilleşdirýär. Ýük daşama ugrunyň başlangyç nokadynda möhürlenýär we ol diňe barmaly ýerinde barlanýar, bu ýük daşamak wagtyny gysgaldýar we dolandyryş töwekgelçiliklerini ep-esli derejede peseldýär. Takmynan 6 müň kilometre barabar bolan ulag ugry Gazagystanyň we Özbegistanyň çäklerinden geçýär. Ýolda ýöremek wagty takmynan 9 gün dowam eder.
6. Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi Esen Aýdogdyýew Döwlet magaryf uniwersitetiniň rektory Nataliýa Naumowa bilen duşuşyk geçirdi, onuň dowamynda uniwersitetde bilim alýan türkmen talyplarynyň okuwy, hukuk ýagdaýy, durmuşy we dynç alyş bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň 616 raýaty Döwlet magaryf uniwersitetinde bilim alýar.
Dünýäde
7. Braziliýaly lukmanlar arylaryň köpçülikleýin hüjümine sezewar bolan 14 ýaşly Witor Duarteniň janyny halas etdiler. Ýetginjegiň bedeninde 4500-den gowrak arynyň çakan yzlary tapyldy. Bu pajygaly waka Witoryň okaýan mekdebiniň golaýynda top oýnunda bolup geçdi. Ýetginjek tötänleýin arylaryň öýjügine degip, gaharly mör-möjekleriň hüjümine sezewar boldy. Ýerli ýaşaýjylaryň arylary ot bilen kowmak synanyşyklary ýagdaýy hasam erbetleşdirdi. Wakanyň bolan ýerine gelen lukmanlar oglany arylar bilen örtülen ýagdaýda tapdylar. Maşgala agzalarynyň bellemeklerine görä, ary zäheriniň köp mukdary sebäpli böwreklere uly zeper ýetendigine garamazdan, Witoryň ýagdaýy kem-kemden durnuklaşýar. Indi ýetginjek özbaşdak dem alyp bilýär.
8. Nýu-Ýorkda we Los-Anjelesde ykjam programma arkaly professional janpena hyzmatlaryny sargyt etmäge mümkinçilik berýän «Protector» hyzmaty işläp başlady. Janpena-sürüjiniň bir sagat üçin işiniň iň pes bahasy 200 dollar. «TikTok-yň» kömegi bilen hyzmatyň meşhurlygy birdenkä artdy, onda ýerleşdirilen ykjam programmanyň işleýşini görkezýän wideo 11 milliondan gowrak tomaşa edildi.
Sport täzelikleri
9. Erkin göreş we grek-rim göreşi boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Dagystanyň Hasawýurt şäherinde halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna başlady. Milli ýygyndy 24 – 28-nji mart aralygynda Omanda geçiriljek Aziýa çempionatyna taýýarlanýar.
Erkin göreş boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Ýusup Melejäýewe göreşçileri türgenleşdirmäge Ýewropanyň çempiony, iki gezek Dünýä Kubogynyň eýesi Zelimhan Huseýnow we dünýä çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi, Aziýa oýunlarynyň çempiony Ali Asgar Bazri kömek edýär.
10. 14 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda tennis boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy Isa-Taun şäherinde geçirilýän «ITF World Junior» dünýä çempionatynyň deslapky saýlama ýaryşynyň Aziýa-Okeaniýa zolagynyň çärýek finalyna gatnaşmak hukugyny gazandy. Türkmen türgenleri Okeaniýanyň toparyny 2:1 hasabynda ýeňip, ikinji ýeňşini gazandylar, bu bolsa olara «C» toparçada birinji orny eýelemäge mümkinçilik berdi.