Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen we koreý ýokary okuw mekdepleri magistratura maksatnamalary boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

10:5321.02.2025
0
21193

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ylym boýunça prorektory Selbi Batyrowa «Bilelikdäki geljek: global zehin we ýerli jemgyýet» atly halkara maslahatyna gatnaşdy. Bu çäre Kanwon milli uniwersiteti tarapyndan guraldy we ol Seul hem-de Çhunçhon şäherlerinde geçirildi. Bu barada institutyň wekili Turkmenportala habar berdi.

Maslahatyň çäklerinde Kanwon milli uniwersitetiniň rektory bilen duşuşyk boldy. Bu duşuşykda iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda magistratura maksatnamalary boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çykyşynyň dowamynda türkmen tarapy Türkmen milli dünýä dilleri institutynda koreý diliniň öwrenilişi barada wideofilm görkezdi.

Taraplar ikitaraplaýyn ylym-bilim pudagynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy ösdürmek meýlini tassykladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň