«Türkmenistan» awiakompaniýasy öz resmi saýtynda ýörite aksiýanyň geçirilýändigi barada habar bermek bilen, ýurdumyzyň ähli raýatlaryna öz doglan gününiň ýakymly we ýatda galyjy bolar ýaly etmegi teklip etdi.
Eger-de ýolagçynyň doglan güni uçuş senesi bilen gabat gelse, onda ol aşakdaky ugurlar boýunça awiabiletleri satyn almak üçin ýörite teklipden peýdalanyp biler:
• Aşgabat – Kuala-Lumpur – Aşgabat
• Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat
• Aşgabat – Bangkok – Aşgabat
• Aşgabat – London – Aşgabat
• Aşgabat – Frankfurt – Aşgabat
• Aşgabat – Milan – Aşgabat
Aksiýa 2025-nji ýylyň 25-nji oktýabryna çenli dowam eder.
Aksiýa gatnaşmak üçin Türkmenistanyň çägindäki awiabiletleri satýan kassalara ýüz tutup bilersiňiz.