Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň wekili Koreýa Respublikasynda geçirilen halkara bilim maslahatyna gatnaşdy

16:0020.02.2025
0
19664
Türkmenistanyň wekili Koreýa Respublikasynda geçirilen halkara bilim maslahatyna gatnaşdy
Surat: education.gov.tm

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Selbi Batyrowa Koreýa Respublikasynyň Kangwon milli uniwersitetiniň guramagynda Seul we Çhunçhon şäherlerinde geçirilen «Bilelikdäki geljek: global zehin we ýerli jemgyýet» atly halkara bilim maslahatyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Maslahatda türkmen tarapynyň wekili Türkmenistanda koreý dili boýunça bilim berlişiniň we onuň öwrenilişiniň häzirki ýagdaýy dogrusynda çykyş etdi. Çykyşyň ahyrynda maslahata gatnaşyjylara Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda koreý diliniň okadylyşy barada gysgaça wideoroligiň görkezildi.

Bellenilişi ýaly, halkara bilim maslahatynyň çäklerinde oňa gatnaşyjy ýurtlaryň wekiliýetleri üçin Koreýa Respublikasynyň Çhunçhon şäheriniň häkimligine guralan gezelenç we ol ýerde şäher häkiminiň myhmanlaryň öňünde maksatnamalaýyn çykyş etmegi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Halkara bilim maslahatynyň çäklerinde türkmen tarapynyň wekili Kangwon milli uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Kangwon milli uniwersitetiniň arasyndaky magistr bilim maksatnamasynyň ýola goýulmagy barada pikir alşyldy hem-de bu ugurda birnäçe anyk teklipler edildi. Netijeli geçen bu duşuşyk iki tarapyň hem ylym-bilim çygrynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň