Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

20-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

14:1420.02.2025
0
20678

Türkmenistan Hazarýaka döwletlerine bilelikdäki logistika merkezlerini döretmegi teklip etdi, Rahimberdi Jepbarow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy, türkmen wekiliýeti Germaniýada sanly lukmançylyk tejribesini öwrendi we beýleki habarlar

Türkmenistan

1. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Tähranda geçirilen üçünji Hazar ykdysady forumynda eden çykyşynda Hazarýaka döwletlerine bilelikdäki logistika merkezlerini we platformalaryny döretmegi teklip etdi.

2. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahimberdi Jepbarow Ýaponiýa iş sapary amala aşyryldy. Tokio şäherinde türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen birnäçe duşuşyklar geçirildi.

3. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hem-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekillerinden ybarat topar Germaniýanyň öňdebaryjy hassahanalaryna baryp gördüler.

4. 13-15-nji maý aralygynda Aşgabatda Howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahaty geçiriler. Maslahatyň dowamynda döwlet düzümleriniň wekilleri we halkara bilermenler howanyň üýtgemegine garşy taslamalary maliýeleşdirmegiň mehanizmleri we sebitde ekologiýa başlangyçlarynyň durmuşa geçirilişi barada pikir alyşarlar.

5. Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Beýik Britaniýanyň Nottingem Trent uniwersitetiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar ýokary bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini, hususan-da, iňlis dili dersiniň okadylyşyny kämilleşdirmek, bu ugurda mugallymlary taýýarlamak maksatnamalaryny we akademik alyş-çalyş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

6. Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar adam hukuklary ulgamynda milli meýilnamalary we maksatnamalary işläp düzmek, Türkmenistanda demokratik institutlary kämilleşdirmek we halkara şertnamalaryna goşulmak boýunça bilelikdäki konsultatiw işleriň ähmiýetini nygtadylar.

Dünýäde

7. Arheologlar Müsürde taryhy açyş etdiler – biziň eýýamymyzdan öňki 1493 – 1479-njy ýyllarda höküm süren faraon Tutmos II-niň gubury tapyldy. Bu soňky ýüz ýylda tapylan ilkinji faraonyň mazarydyr. Gubur C4 diýlip atlandyrylan bu desga bilelikdäki britan-müsür ekspedisiýa tarapyndan iki ýyllyk gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda Luksoryň günbataryndan tapyldy. Ilkibaşda arheologlar gubur hökümdaryň aýalyna degişli diýip çakladylar, ýöne ýüze çykarylan ýazgylar munuň «ölen patyşanyň» mazarydygyny tassyklady.

8. Filippinleriň iň uly şäherleriniň birinde denge gyzzyrmasyna garşy göreşmek üçin adaty bolmadyk başlangyç ýola goýuldy – ýerli ýaşaýjylara tutulan çybynlar üçin pul teklip edilýär. Tutulan her bäş çybyn üçin ýaşaýjylar bir peso alyp bilerler. Şeýle çözgüdiň kabul edilmegine ýurtda eýýäm iki talybyň ölümine sebäp bolan denge gyzzyrma keseliniň köpelmegi sebäp boldy. Tutulan janly çybynlar we olaryň liçinkalary ultramelewşe şöhle bilen ýok edilýär.

Sport täzelikleri

9. Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň maslahatynda Guwançmuhammet Öwekow federasiýanyň başlygy wezipesine biragyzdan dört ýyllyk möhlet bilen gaýtadan saýlandy. Maslahata FIFA-nyň, AFK-nyň, Milli Olimpiýa komitetiniň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň we Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda başlygyň orunbasarlary hem saýlandy: Rahat Garajaýew birinji orunbasar, Nazar Çöliýew bolsa ikinji orunbasar wezipelerine bellendiler. Mundan başga-da, çärä gatnaşyjylar tarapyndan TFF-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň täze düzümi döredildi.

10. Ýewropa çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň ähli gatnaşyjylary belli boldy. Çarşenbe güni Madridiň «Realy», Fransiýanyň «PSŽ» topary, Dortmundyň «Borussiýasy» hem-de Eýndhoweniň «PSW» kluby ýaryşyň pleý-off tapgyryna çykdylar. Bir gün ozal bolsa Belgiýanyň «Brýugge», Germaniýanyň «Bawariýa», Niderlandlaryň «Feýenord» hem-de Portugaliýanyň «Benfika» toparlary 1/8 finala atlaryny ýazdyrypdylar. Ady agzalan toparlar 1/8 finalda umumy tapgyrda deslapky 8 orny eýelän toparlara garşy meýdança çykarlar. ÝÇL-iň 1/8 final tapgyryna 21-nji fewralda, anna güni bije çekiler. Tapgyryň deslapky oýunlary 4-nji martda, jogap duşuşyklary bolsa 11-nji martda oýnalar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň