Düýn Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Beýik Britaniýanyň Nottingem Trent uniwersitetiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga Nottingem Trent uniwersitetiniň wekilleri doktor Martin Sewior we Sem Barkli, şeýle-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň jogapkär işgärleri gatnaşdylar.
Taraplar ýokary bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini, hususan-da, iňlis dili dersiniň okadylyşyny kämilleşdirmek, bu ugurda mugallymlary taýýarlamak maksatnamalaryny we akademik alyş-çalyş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar akademik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny işläp taýýarlamagyň we sanly bilim gurallaryny ornaşdyrmagyň möhümdigini bellediler. Şeýle hem iňlis dili mugallymlary üçin usulyýet boýunça okuw sapaklaryny we maslahatlary geçirmek, täzeçil tehnologiýalary bilim ulgamyna ornaşdyrmak, talyp we mugallym alyş-çalyş mümkinçiliklerini ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu duşuşyk Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Nottingem Trent uniwersitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän grant maksatnamasynyň çäklerinde guraldy.