Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystanyň Baştutany bilen duşuşdy, Türkmenistanda Diplomatik işgärleriniň güni bellenildi, Türkmenistanyň ilçisi «Euronews-yň» başlygy bilen hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda özara bähbitleri nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow Rustam Minnihanowy 12-nji dekabrda Aşgabat şäherinde ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek foruma gatnaşmaga çagyrdy.
3. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny we Bitaraplygyny berkitmekde uly üstünlikleri gazanan türkmen diplomatlaryny sylaglady. Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçisi Nazarguly Şagulyýew, Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow we Türkmenistanyň Owganystanyň Mazari-Şarif şäherindäki baş konsuly Bazarbaý Kabaýew Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandylar.
4. Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow «Euronews-yň» direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawid bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen diplomaty ýurduň metbugat diplomatiýasy bilen tanyşdyrdy, şunda Türkmenistanyň halkara maglumat giňişligine işjeň gatnaşýandygyna üns çekildi. Ilçi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini belledi. Şeýle hem ýurduň sebitdäki durnuklylyga we Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryň ösmegine goşýan goşandy barada aýtdy. Taraplar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny, şol sanda syýahatçylygy we medeni alyşmalary ösdürmegiň, Türkmenistanda bolup geçýän möhüm wakalary şöhlelendirmegiň we ýurduň «Euronews-yň» hereket edýän maksatnamalaryna goşulyşmagynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
5. Aşgabatda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli halkara ylmy maslahat geçirildi. Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda türkmen diplomatiýasyna milli aýratynlyklaryň, adatlaryň we dünýägaraýşyň çuňňur daýanç gatlaklaryndan üzňe, taryhy nukdaýnazardan aýra seredilip bilinmejekdigini aýtdy. Ol Türkmenistanyň diplomatiýasynyň öz halky bilen aýrylmaz baglydygyny, bitaraplygyň bolsa halkara gatnaşyklarynyň subýekti hökmünde türkmen döwletliliginiň taryhy ýolunyň iň ýokary ýüze çykmasy bolup durýandygyny aýtdy.
6. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň Müdirliginiň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň we şertnamalaýyn edaralaryň işini üpjün etmek boýunça departamentiniň ýolbaşçysy Mahamane Sisse-Guronyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk we geljekde ony ösdürmegiň esasy ugurlary barada pikir alyşdylar. Gulmanowa Türkmenistanda adam hukuklary babatda borçnamalary ýerine ýetirmek maksady bilen, halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG-niň degişli düzüm birlikleri bilen alnyp barylýan işlere, hususan-da, milli kanunçylygyň kämilleşdirilmeginde halkara hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigini belledi.
Dünýäde
7. Hytaýyň «Neçža aždarhalaryň şasyny ýeňýär» atly animasion filmi multfilmleriň arasynda kasa ýygymy boýunça dünýä rekordyny goýup, ozal bu ugurda birinjiligi eýelän «Tapmaça 2-den» öňe geçdi. Filmiň umumy kassa ýygymy 1,69 milliard dollara ýetdi we iň köp girdeji gazanan filmleriň sanawynda sekizinji orny eýeledi.
8. Täze gözlegler Gün şöhlelerinden goraýan kremleriň deňiz gurşawyna ýaramaz täsir edýändigini ýüze çykardy. Bu önümlerdäki himiki ultramelewşe süzgüçler merjenlerde deformasiýa, olaryň reňkini ýitirmegine sebäp bolýar we balyklaryň köpeliş ukybyna ýaramaz täsir edýär. Alymlar kremiň bir gezek ulanylmagy bilen adamyň ortaça 36 gram önümi bedenine çalýandygyny we bu mukdaryň ýarysynyň suwa ýuwulýandygyny anykladylar. Müň sany adam dynç alýan deňiz kenarynda bu 35 kilograma çenli kosmetiki önümiň ummana düşmegine sebäp bolup biler.
Sport täzelikleri
9. Türkmen tennisçi gyzlary Bangladeşiň toparyndan 3:0 hasabynda üstün çykyp, Bahreýniň Isa-Taun şäherinde 14 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda dünýä çempionatynyň saýlama oýunlarynyň deslapky tapgyryna ýeňiş bilen başladylar. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň indiki garşydaşy Okeaniýanyň topary bolar.
10. «Arkadag» topary Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň üçünji tapgyrynda Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamyndan» üstün çykdy. «Arkadag» üçünji ýeňşini gazanyp, 9 utuk bilen ýaryşyň sanawynda birinji orny eýeleýär. «Şagadam» bolsa 1 utuk bilen bäşinji ýerde barýar. Tapgyryň beýleki oýunlarynda «Ahal» «Nebitçini» 3:0 hasabynda utdy, «Aşgabat» bolsa 2:0 hasabynda «Merwden» üstün çykyp, ýaryşdaky ilkinji ýeňşini gazandy.