Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Italiýaly dizaýner Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplarynyň öňünde çykyş etdi

11:3116.02.2025
0
17712

Italiýanyň «Modenese Gastone Interiors Srl» kompaniýasynyň dizaýneri Leandro Skalko Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyp ýaşlaryna öz alyp barýan işleri we tejribesi barada umumy okuw sapagyny geçirdi.

Umumy okuw sapagy Aşgabat şäherinde «Italýan dizaýn» günleriniň geçirilmeginiň çäklerinde guraldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berdi.

Umumy okuw sapagynda Leandro Skalko özüniň döreden dizaýnerçilik işleriniň wideoşekilleri bilen talyplary tanyşdyryp, dizaýnerçilik işiniň inçe tilsimleri we dünýä tejribeleri barada gürrüň berdi.

Şeýle-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Italiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luidji Ferrari we ilçihananyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ylym-bilim ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Daşary ýurtly myhmanlaryň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna gelmegi mynasybetli institutyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň alyp barýan ylmy-barlag, taslama işleriniň netijeleri boýunça sergi guraldy diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň