Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2025-nji ýylda biziň ýurdumyzda diplomlary ykrar ediljek daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň täzelenen sanawyny çap etdi.
Bu sanaw «Uniwersitetiň üç missiýasy» atly Moskwanyň halkara reýtingi, Uniwersitetleriň dünýä reýtingi 2025 (The World University Rankings), Dünýä uniwersitetleriniň QS 2025 reýtingi we Dünýä uniwersitetleriniň akademiki reýtingi 2025 (Shanghai Ranking) ýaly dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň reýtingleriniň esasynda düzüldi.
Bilim ministrliginiň maglumatyna görä, daşary ýurtlarda bilim alan raýatlar üçin diplomyň ykrar edilmeginiň (nostrifikasiýa) ýörite berjaý edilmeli düzgünleri göz öňünde tutulýar. Nostrifikasiýa – Türkmenistanyň çäklerinden daşarda alnan bilim hakyndaky resminamalaryň milli bilim resminamalaryna barabar derejede ykrar edilmegi we olaryň biziň ýurdumyzyň çäginde hukuk güýjüne eýe bolmagy üçin berjaý edilýän düzgündir.
Ýokary okuw mekdepleriniň doly sanawy we nostrifikasiýa amaly baradaky giňişleýin maglumatlar bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda tanşyp bolar.