Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

“Uzynada” käninde önüm berýän täze guýy ulanyşa girizildi

09:5813.02.2025
0
18802
“Uzynada” käninde önüm berýän täze guýy ulanyşa girizildi
Surat: Atavatan Turkmenistan

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary tarapyndan «Uzynada» känindäki 85 belgili täze çuň guýynyň buraw we gurluşyk işleri tamamlanyp, önümçilige girizildi. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, guýynyň çuňlugy 6 müň 830 metr bolup, ondan gije-gündiziň dowamynda nebit kondensatynyň 70 tonnasy hem-de 75 müň kub metr tebigy gazyň akymy alyndy.

Günbatar Türkmenistanda nebitiň, gaz kondensatynyň täze ýataklaryny tapmak, olaryň senagat derejeli gorlaryny artdyrmak, geçirilýän gözleg-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan geologiýa-gözleg işleri kuwwatly buraw desgalarynyň güýji bilen amala aşyrylyp, guwandyryjy üstünlikler gazanylýar. Ýangyç-energetika toplumynyň işgärleriniň “Uzynada” käninde gazanan üstünligi türkmen halkynyň Milli Lideriniň 2022-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda beren gymmatly maslahatlarynyň we tabşyryklarynyň netijeli ýerine ýetirilendigine şaýatlyk edýär. Bu ýerde hormatly Arkadag “Türkmennebit” döwlet konserniniň hünärmenleri bilen duşuşyp, türkmen nebitçileriniň nebitgaz gorlaryny artdyrmak, nebitiň, gazyň çykarylyşyny ýokarlandyrmak boýunça alyp barýan işleri barada söhbetdeş boldy. Şonda bu täze ýatagy çalt depginler bilen özleşdirmek üçin gözleg-agtaryş maksatly guýular bilen bir hatarda, ulanyş maksatly guýularyň gurluşygynyň amala aşyrylmagynyň hem wajypdygy nygtaldy.

“Uzynada” käninde önüm berýän täze guýynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başynda ulanyşa girizilmegi aýratyn bellärliklidir diýlip, habarda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň