Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty we ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersiteti «Dykyzlygy nazarda tutup taslama düzmek: goşmaça ýaşaýyş jaý otaglary barada gürrüň» diýen tema boýunça bilelikde onlaýn maslahat geçirdiler.
«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda berilýän habara görä, duşuşyga türkmen ýokary okuw mekdebiniň binagärlik-gurluşyk fakultetiniň ylmy işgärleri, mugallymlary, talyplary hem-de ABŞ-nyň uniwersitetiniň hünärmenleri gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda Çuýahoga okrugynyň meýilleşdiriş departamentiniň işgärleri Patrik Hýuit we Reýçel Nowak, şeýle hem Kliwlend-Haýts şäheriniň meýilleşdiriş we ösüş boýunça direktory Erik Zumft hem-de «Onyx Creative» firmasynyň uly binagäri Tommi Çesnes çärä gatnaşyjylar bilen binagärlik, gurluşyk we dizaýn ulgamynda öz iş tejribelerini paýlaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda taraplar şäher meýilleşdirmesinde ýerleri netijeli peýdalanmaga, ýaşaýyş jaýlaryny dogry meýilleşdirmäge, ilatyň ösüşiniň şäheri meýilleşdirmäge ýetirýän täsirine, şeýle hem bu ulgamda durmuş, ykdysady, ekologiýa wezipeleriniň çözülmegine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Çärä gatnaşyjylar ikitaraplaýyn duşuşygyň hünär tejribesini toplamaga we ilatyň isleglerine laýyk gelýän taslamalary amala aşyrmaga, ykdysady hem-de ekologiýa taýdan howpsuz pikirleriň durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
Maslahat Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde geçirildi diýlip, habarda bellenilýär.