Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

2024-nji ýylda Türkmenistanda 77 milliard kub metrden gowrak gaz we 8 million tonnadan gowrak nebit öndürildi

09:5808.02.2025
0
35290

Türkmenistanda 2024-nji ýylyň netijeleri boýunça senagat ulgamynda durnukly ösüş üpjün edildi. Hususan-da, 77 milliard 623,1 million kub metr tebigy gaz, 8 million 279,7 müň tonna nebit çykaryldy. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada 7-nji fewralda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedowyň geçen ýylda ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan bellenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi bilen bagly hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, nebit bitumynyň öndürilişi 10,2 göterim, benziniň öndürilişi 4,8 göterim, mazudyň öndürilişi 8,2 göterim, dizel ýangyjynyňky 0,6 göterim, plastmassadan taýýarlanan we aýna süýümli turbalaryňky 2,2 göterim, sementiňki 3,5 göterim, balykçylygyňky 20,1 göterim, süýji-köke önümleriniňki 2,1 göterim, süýt önümleriniňki 4,7 göterim, mesge ýagynyňky 3 göterim, mineral suwlaryň, alkogolsyz içgileriňki 11,5 göterim, gaplanan miweleriň we gök önümleriňki 7,2 göterim artdy. Hasabat döwründe senagat önümçiliginiň gymmatlyk möçberi nah ýüplükler boýunça 46,7 göterim, nah matalar boýunça 27,1 göterim ýokarlandy.

Ulag-aragatnaşyk pudagynda hem oňyn görkezijiler gazanyldy. Ulaglaryň ähli görnüşiniň ýük dolanyşygynyň 2 göterim, ýolagçy dolanyşygynyň 5,2 göterim artmagy munuň aýdyň mysalydyr. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 16,2 göterim artdy. Ýurduň oba hojalygynda öndürilen gök önümler, 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 8,4 göterim, azyklyk bakja 6 göterim, ýeralma 4,6 göterim, miwe we ir-iýmişler 1,5 göterim, süýt 2,1 göterim, diri agramdaky etiň öndürilişi 7 göterim ýokarlandy. Geçen ýylda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde-de oňyn görkezijiler gazanyldy.

Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy halkara standartlara laýyk gelýän statistiki usulyýet esasynda statistiki hasabatlylygy we maglumatlary ýygnamagyň usullaryny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hem hasabat berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň