Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli topary onlaýn okuw maslahatyny geçirdi

17:4506.02.2025
0
21795

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň bähbidine hyzmatdaşlyk» atly onlaýn okuw maslahatyny geçirdi.

Onlaýn okuw maslahatyna ýurtdaky ÝUNESKO kafedralary, klublary, Assosirlenen mekdepleriniň toruna agza mekdepler gatnaşdylar. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilişine görä, okuw maslahaty netijeli häsiýete eýe bolup, onda bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň bähbidine hyzmatdaşlyk babatdaky pikirler, teklipler we sowallar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty, Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçi, Türkmenistanyň Gahrymany Ç.Rustemowa çykyş edip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlykda uly üstünlikleri gazanmak üçin täze gözýetimleri açýandygyny belledi. Şeýle-de ÝUNESKO-nyň ýörelgelerine esaslanyp alnyp barylan işleriň netijeleri, gazanylan üstünlikler we öňde durýan wezipeler dogrusynda durup geçdi.

Onlaýn okuw maslahatynyň dowamynda «Ählumumy parahatçylyga, abadançylyga, durnukly ösüşe gönükdirilen bilim özgertmeleri», «Türkmenistandaky ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň milli torunyň işini kämilleşdirmek we öňdebaryjy halkara tejribelerden peýdalanmak» ýaly temalara aýratyn üns berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň