Aşgabatda şäherinde Görogly köçesiniň Nurmuhamet Andalyp köçesinden Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoluna çenli böleginde ulag gatnawy gaýtadan dikeldildi. Bu barada «Turkmenportal-yň» habarçysy habar berdi.
Köçäniň hereketiniň täze ýolüsti geçelgäniň gurulmagy sebäpli çäklendirilendigini ýatladýarys. Bu täze geçelge Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň golaýynda ýerleşýär.
Häzirki wagtda ýolüsti geçelgäni oturtmak boýunça işler dowam etdirilýär we onuň işe girizilmegi pyýadalaryň howpsuzlygy üçin niýetlenendir.