Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hytaý we Türkmenistan TIR ulgamy boýunça ilkinji göni awtoulag ugruny işe girizdi

09:0321.02.2025
0
21652

Penşenbe güni TIR belgisi bilen birinji ýük awtoulagy Hytaýyň Çžençžou şäherinden Aşgabada ugrady. Bu Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda TIR halkara ulgamy boýunça göni awtoulag aragatnaşygynyň resmi açylyşyny alamatlandyrdy – diýip, Sinhua agentligi habar berýär.

«Bu Hytaý awtoulag kompaniýasynyň Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda göni awtoulag ýük daşamalaryny amala aşyrmaga başlan ilkinji halatydyr» — diýip, Çžençžou gümrük gullugynyň Sinçžen gümrük nokadynyň başlygynyň orunbasary Ouýan Lýanýuan belledi.

Takmynan 6 müň kilometre barabar bolan ulag ugry Gazagystanyň we Özbegistanyň çäklerinden geçýär. Ýolda ýöremek wagty takmynan 9 gün dowam eder.

Zhengzhou Hongyi Transportation Co., Ltd. ýük daşaýjy kompaniýanyň baş direktorynyň orunbasary Wan Tiniň sözlerine görä, bu TIR-ugruny ulanmak howa arkaly ýük daşamalar bilen deňeşdirilende ulag çykdajylaryny takmynan 35% azaltmaga we demir ýol ulagy bilen deňeşdirilende eltip bermek wagtyny iki esse gysgaltmaga mümkinçilik berýär.

TIR (Transports Internationaux Routiers) ulgamy halkara ýük daşamalary ep-esli ýeňilleşdirýär. Ýük daşama ugrunyň başlangyç nokadynda möhürlenýär we ol diňe barmaly ýerinde barlanýar, bu ýük daşamak wagtyny gysgaldýar we dolandyryş töwekgelçiliklerini ep-esli derejede peseldýär.

Täze Çžençžou-Aşgabat ugry TIR ulgamy boýunça Henan ýük toplaýjy-paýlaýjy merkezinden başlanýar. Häzirki wagtda bu merkez Russiýany, Özbegistany, Azerbaýjany we Gruziýany goşmak bilen, Hytaýy dokuz ýurt bilen baglanyşdyrýan 18 TIR-ugruna hyzmat edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň