Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Turkish Airlines» uçuşlarynyň geografiýasyny giňeldýär: täze gatnawlar Damaska, Ohride we Bengazä

15:2624.01.2025
0
23363

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy Stambul şäheri bilen birnäçe täze ugry birleşdirýän uçuşlaryň ýola goýlandygyny habar berdi:

Stambul — Damask — Stambul: bu ugur boýunça uçuşlar 2025-nji ýylyň 25-nji ýanwaryndan başlap, hepdede 3 gezek amala aşyrylar.

Stambul — Ohrid — Stambul: «Turkish Airlines» 2025-nji ýylyň 30-njy martyndan Makedoniýanyň Ohrid şäherine uçuşlary ýola goýar. Uçuşlar hepdede 4 gezek amala aşyrylar.

Stambul — Bengazi — Stambul: Liwiýanyň Bengazi şäherine uçuşlar eýýäm 2025-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda başlandy. Uçuşlaryň ýygylygy — hepdede 3 gezek.

«Turkish Airlines-yň» gatnaw ugurlary ulgamynyň barha giňelmegi kompaniýanyň öz ýolagçylaryna has amatly we syýahat etmek üçin zerur bolan ähli mümkinçilikleri döretmäge ýykgyn edýändigini görkezýär. Täze uçuşlar türkmenistanly we beýleki ýurtlaryň syýahatçylaryna hem-de işewürlerine täze täsin ýerlere ýeňillik bilen barmaga mümkinçilik berer.

«Turkish Airlines-yň» Aşgabatdaky satuw ofisiniň salgylary:

  • ýerleşýän salgysy: G.Kulyýew köçesi, 39-njy jaý, «Ussat» binasy;
  • elektron poçtasynyň salgysy: askabatbiletsatis@thy.com;
  • telefon belgisi: (+993 61) 01 44 33;
  • web saýty: turkishairlines.com.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň