Iki ýurduň arasynda medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde Türkiýe 2025-nji ýylda Türkmenistanda Ýunus Emre adyndaky medeni merkezini açmagy meýilleşdirýär. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok «Atawatan Türkmenistan» neşirine beren interwýusynda habar berdi.
Ilçiniň sözlerine görä, şu ýylyň birinji çärýeginde Ankarada türkmen-türk hökümetara ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň sekizinji mejlisi geçiriler. Duşuşykda ykdysady we söwda pudaklaryna aýratyn üns berlip, iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýol kartasy görkeziler.
Demirok iki ýurduň arasynda gatnaşyklaryň iki döwletiň liderleri we halklarynyň arasynda ýakyn hyzmatdaşlyga we özara hormat goýmaga esaslanýandygyny nygtady. 2025-nji ýylyň iki ýurduň wekilleriniň özara saparlaryna baý boljakdygy, daşary işler ministrlikleri bolsa ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça işjeň maslahatlaşmalaryny dowam etdirjekdigi garaşylýar.
Ýunus Emre adyndaky medeni merkezi dünýäniň köp ýurtlarynda wekilçilik edýän we türk medeniýetini öňe sürmäge hem-de ýurtlaryň arasynda medeni arabaglanyşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara guramadyr.