Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýe türkmenistanly talyplar üçin talyp haklary maksatnamasy boýunça arzalary kabul edip başlady

15:0421.01.2025
0
47789

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok türkmenistanly talyplary «Türkiye Bursları» bilim maksatnamasyna gatnaşmak üçin arza bermäge çagyrdy. Resminamalary kabul etmek 10-njy ýanwardan başlap, 2025-nji ýylyň 20-nji fewralyna çenli dowam eder — diýip, ilçi «Atawatan Türkmenistan» neşiri bilen geçirilen söhbetdeşlikde habar berdi.

1992-nji ýyldan bäri maksatnamanyň hereket edýän tutuş döwrüniň dowamynda 5000-den gowrak türkmenistanly talyp Türkiýede bilim almak mümkinçiligine eýe boldy. Geçen ýyl 45 türkmen raýaty talyp haky bilen Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girdi.

Ilçi Demirok öz watanynda öňdebaryjy bilim edaralaryny tamamlap, soňra Türkiýede okamagy dowam etdirýän türkmen talyplarynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine uly goşant goşýandyklaryny nygtady.

Şu maksatnama gatnaşmak üçin arzany turkiyeburslari.gov.tr saýtyna girip, resmileşdirip bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň